Birleşen Ştatlar ABŞ goşunlarynyň uruş-gowgadan uly zyýan çeken ýurtdan doly çykarylýan wagtynda Owganystana täze, 266 million dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berjekdigini yglan etdi.
4-nji iýunda yglan edilen kömek habary barha möwjeýän zorlukly wakalaryň arasynda, “Talyban” bilen Günbatar tarapyndan goldanylýan kabul hökümetiniň alyp barýan parahatçylyk gepleşikleriniň tasdan togtadylan we, ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleri sentýabr aýyna çenli çykarylansoň, ýurduň geljegine has kän nämälimlik abanan wagtyna gabat geldi.
“Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky harby güýçlerini yzyna çykarmagy bilen, biziň üýtgewsiz ygrarlylygymyz aýdyňdyr. Biz özümiziň doly diplomatik, ykdysady we kömek gurallarymyzy ulanyp, Owganystanyň halkynyň isleýän we mynasyp bolan parahatçylykly, durnukly geljegini goldamagymyzy dowam etdireris” diýip, Döwlet departamentiniň kömek habaryny beren beýanatynda bellenýär.
Täze berilýän kömek Owganystana ABŞ-nyň 2002-nji ýyldan bäri beren ynsanperwer kömeginiň möçberini takmynan 3,9 milliard dollara ýetirýär.
Şu aralykda, “Talyban söweşijileri 5-nji iýunda demirgazykdaky Baglan welaýatynda owgan howpsuzlyk güýçlerine hüjüm edip, azyndan sekiz adamy, iki etrabyň polisiýa başlyklaryny we alty ofiseri öldürdi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.