Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Polşada ýaşaýan belaruslar Lukaşenkanyň režimine garşy berk sanksiýalary talap edýär


Swetlana Tihanowskaýa we Paeel Latuşka

Bosgunlykda ýaşaýan belaruslar 5-nji iýunda, Ýewropa Bileleşigini Aleksandr Lukaşenkanyň režimine garşy has köp sanksiýa girizmäge çagyrmak üçin, belarus-polşa serhedinde uly demonstrasiýa geçirmegi planlaşdyrýar.

Demonstrantlaryň Babrouniki-Berastawitsa serhet geçelgesine ýygnanmagyna garaşylýar.

Olar bu ýerde ýygnanyp, ÝB-ni Lukaşenkanyň režimine garşy “güýçli we täsirli sanksiýalary” girizmäge çagyrarlar we belarus häkimiýetlerinden ýurt raýatlary üçin gury ýer serhetlerini açmagy talap ederler diýip, habarda aýdylýar.

Milli anti-krizis dolandyryşynyň başlygy Pawel Latuşka öz toparynyň çalasyn hereket edilmegini goldaýandygyny, ýöne ÝB-niň Lukaşenkanyň režimini jezalandyrmak üçin hakyky çäreleri görmezliginden howatyr edýändigini aýtdy.

"Biz Lukaşenkanyň režiminiň ýene bir jenaýat etmegine garaşyp bilmeris, herekete geçmegiň wagty geldi" diýip, Latuşka aýtdy.

Telegramda beren maglumatlaryna görä, demonstrantlar ilkinji üç günüň dowamynda serhetde ýygnanyşyk geçirip, geçip barýanlara Belarusdaky ýagdaý barada gürrüň bermegi planlaşdyrýarlar.

Eger-de bu üç günde ÝB tarapyndan wada berlen giň gerimli sanksiýalar kabul edilmese, çärä gatnaşyjylar serhet geçelgesine barýan ýoly ýapmakçy bolýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG