ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden geljek hepde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen ýokary derejeli duşuşyk geçirende, ABŞ-nyň demokratik gymmatlyklaryny goramak aýgytlylygyna şübhe döremek ähtimallygyna ünsi çekdi.
Baýden Putin bilen geçiriljek gepleşikleriň dünýä Birleşen Ştatlar bilen bir nazarda garaýan ABŞ hyzmatdaşlary we ýaranlary bilen birnäçe günläp edilen maslahatlardan soň boljagyny belläp, öz pikirini ýazmak arkaly, 16-njy iýunda geçiriljek duşuşyk üçin esas taýýarlamaga synandy.
Baýden özüniň Ýewropa etjek saparynyň gün tertibini we maksatlaryny 5-nji iýunda “Waşington Post” gazetinde çap edilen we Ak tam tarapyndan ýaýradylan makalada beýan etdi.
Baýden bilen Putiniň duşuşygy arkaly jemlenmezinden öň, bu sapar amerikan prezidentiniň Birleşen Ştatlaryň iň ýakyn demokratik hyzmatdaşlarynyň köpüsiniň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklaryna hem baý bolar.
Baýden bu saparyň esasan “Amerikanyň öz ýaranlarynyň we hyzmatdaşlarynyň öňünde täzelenen borçlaryna düşünmäge we demokratiýalaryň bu kynçylyklary ýeňip geçmek we täze döwrüň howplarynyň öňüni almak mümkinçiligini görkezmäge” bagyşlanjakdygyny aýtdy.
Baýdeniň makalasy Putin Waşingtony Russiýany bökdemäge synanmakda we ýurduň içerki syýasatyna täsir etmekde aýyplap, sammitiň öňünden gapma-garşylykly äheň döredeninden bir gün soň çykdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.