Belarusyň tanymal syýasy analitigi tussag edilen žurnalist Raman Pratasewiçiň telewizorda berlen interwýusynda ady agzalandan soň, tussag edilmeginden howatyrlanyp, ýurtdan gaçdy.
Tussaglykdaky žurnalist bilen guralan söhbetdeşligi köp adam basyş, gynag esasynda geçirilen hasaplaýar.
23-nji maýda harby uçar bilen ýolundan sowlan we Minskde gonmaga mejbur edilen “Ryanair” uçaryndan alnyp galynan Pratasewiç 3-nji iýunda Belarusyň döwlet metbugatyna beren interwýusynda Belarusyň demokratiýa tarapdar hereketi bilen işleşende “köpçülikleýin bidüzgünçilige” meçew berendigini aýtdy
Ol söhbetdeşligiň dowamynda bu işe gatnaşan beýleki adamlaryň, şol sanda syýasatçy alym Artýom Şreýbmanyň hem adyny agzady.
(Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Pratasewiçi görkezýän wideolaryň hiç birini çap etmezlik ýa-da olaryň seplerini paýlaşmazlyk kararyna geldi.)
Şreýbman 5-nji iýunda Telegramda pikirini aýdyp, Pratasewiçi onuň aýdan sözleri üçin hiç bir jähtden günäkärlemeýändigini, žurnalistiň hökümdar Aleksandr Lukaşenkanyň režimi tarapyndan “zamun alnandygyny” aýtdy.
Ol özüniň oppozisiýa üçin işlemeýändigini, diňe synçy we obýektiw syýasy analitik bolandygyny hem sözüne goşdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.