Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda iki otlynyň çaknyşmagy zerarly azyndan 36 adam heläk boldy


Howpsuzlyk işgärleri we synçylar 2021-nji ýylyň 7-nji iýunynda demirgazyk Sindh welaýatynyň Daharki sebitinde otly heläkçiliginiň bolan ýerine bardy.
Howpsuzlyk işgärleri we synçylar 2021-nji ýylyň 7-nji iýunynda demirgazyk Sindh welaýatynyň Daharki sebitinde otly heläkçiliginiň bolan ýerine bardy.

Resmileriň aýtmaklaryna görä, Pakistanyň günorta-merkezinde iki otlynyň çaknyşmagy zerarly azyndan 36 adam ölüp, 60 adam ýaralanypdyr.

Port şäheri Karaçiniň demirýol wekili Gül Hasan Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şäherden gatnaýan şäherara otlynyň Sindh welaýatynyň Daharki şäheriniň golaýynda başga bir otlyny kakmagy netijesinde dörän heläkçilik bilen baglanyşykly derňewleriň başlandygyny aýtdy.

Ýaralanan ýolagçylar golaýdaky keselhanalara eltildi. Birnäçe adamyň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.

Halas ediş işgärleri weýrançylygyň içinde galan adamlary tapmak üçin ýörite enjamlary getirdiler.

Resmiler bu heläkçiligiň daň atmanka ýüze çykandygy we Karaçiden Sargodha barýan ekspres-otlynyň özüne gabat gelen Rawalpindi şäherinden barýan başga bir otly bilen çaknyşyp, relsden düşendigini aýdýarlar.

Premýer-ministr Imran Han bu heläkçiligiň özünde "sarsgyn döredendigini" aýtdy we "demirýol howpsuzlygyndaky näsazlyklary giňişleýin derňemegi" buýurdy.

Pakistanda soňky ýyllarda otly heläkçilikleriniň ençemesi boldy. Bu Günorta Aziýa ýurdunda otly gatnawy meşhur hasaplanýar, emma otlularyň tehniki ýagdaýy erbet we olaryň içi ýolagçylardan hyryn-dykyn bolýar.

XS
SM
MD
LG