Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Taýwan we Awstraliýa COVID-19 garşy göreşýär; Ýaponiýada Olimpiýa oýunlarynyň geçirilmegi goldanýär


COVID-19. Illýustrasiýa suraty

Taýwan we Awstraliýa COVID-19 wirusynyň öňüni almaga synanyşmak üçin täze çäreleri yglan etdiler.

Bu aralykda täze barlaglara görä, Ýaponiýada geçirilen köpçülikleýin pikir öwrenmeler, ilatyň ýarysynyň şu tomus Tokioda Olimpiýa oýunlaryny geçirmegi isleýändigini görkezipdir. Bu ozalky pikirlerden tapawutlanýar, mundan öň adamlaryň köpüsi sport oýunlarynyň ýatyrylmagyny ýa-da yza süýşürilmegini isläpdi.

Taýwan ýokanç keselleriň köpelmegi bilen baglanyşykly ýagdaýyň durnuksyz bolmagy sebäpli COVID-19 çäklendirmelerini 28-nji iýuna çenli uzaldýar.

Resmiler ilatyň arasynda has ýokanç görnüşleriň ýaýramagyndan alada galýarlar, ilatyň diňe 3% -ne şu çaka çenli waksina berildi.

7-nji iýunda Awstraliýanyň Wiktoriýa ştaty soňky hepdäniň dowamynda COVID-19 keseliniň iň köp ýokaşmagy bilen bagly sanlary habar berdi. Bu ştatyň paýtagty Melburnyň ýaşaýjylary öň planlaşdyrylyşy ýaly çäklendirmeleriň 10-njy iýunda aradan aýrylmagyna garaşýarlar.

7-nji iýun Melburnyň häkimiýetleri koronawirusyň "Delta" görnüşini anyklanlaryndan soň girizen berk izolýasiýasynyň 11-nji gününe gabat geldi.

Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan uly aladalanma bildirilýän wirusyň bu görnüşi Hindistanda uly heläkçilige getirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG