7-nji iýunda Niderlandlaryň sudy 2014-nji ýylda Malaýziýa howa ýollarynyň MH17 uçaryny Ukrainanyň üstünde oka tutup, ýere gaçyrmakda şübhe bildirilýän üç rus we bir ukrain raýatyna garşy subutnamalary diňläp başlar.
Kazyýet işi resmi taýdan 2020-nji ýylyň mart aýynda başlandy, ýöne şu wagta çenli dowam edýär we 298 adamyň ölmegine getiren heläkçiligiň sebäplerine degişli subutnamalara garaýar.
MH17, 2014-nji ýylda Amsterdamdan Kuala-Lumpur şäherine barýan ýolda, Ukrainanyň gündogaryndaky Moskwa tarapyndan goldanýan separatistleriň gözegçiligindäki regionyň üstünden geçen wagtynda Russiýada öndürilen Buk ýer-howa raketasy bilen atyldy.
Şübhe bildirilen dört adam bu betbagtçylyga gatnaşmak aýyplamasy esasynda Gaaganyň kazyýetinde gaýybana sud edilýär. Olaryň diňe biriniň aklawçysy suda gatnaşýar.
Sud edilýän dört adam Kiýew bilen söweşýän separatist gozgalaňçylaryň arasynda möhüm wezipe eýelemekde aýyplanýar.
Halkara derňewçiler topary 2018-nji ýylyň maý aýynda uçary atmak üçin ulanylýan raketa atyjy enjamyň Russiýanyň 53-nji uçara garşy raketa brigadasyna degişlidigi barada netijä geldi.
Sud işiniň Niderlandlarda geçirilmegi heläk bolan uçaryň Amsterdamdan ugrap, içindäki ýolagçylaryň 196-synyň niderlandly bolmagyna degişli. Niderlandlaryň hökümeti Moskwany jogapkär hasaplaýar.
Russiýa munuň bilen baglanyşygy ret edýär.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.