Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aklawçy öňki prezident Atambaýewiň operasiýa mätäçdigini adýar


Almazbek Atambaýew sud zalynda

Türmede oturan Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýewiň aklawçylary ony tiz operasiýa etmek üçin türmeden adaty hassahana äkidilmelidigini aýdýarlar.

Zamir Žooşew öz müşderisiniň oňurgasyndaky gryžasy bilen bagly dörän aşa agyry sebäpli oňa operasiýanyň zerurdygyny aýtdy.

"[Atambaýew] jeza çekýän koloniýasynda degişli lukmançylyk hyzmatyny alyp bilmez we şonuň üçin operasiýa düzediş edarasynyň daşyndaky adaty klinikada geçirilmelidir" - diýip aklawçy aýtdy.

Atambaýew, ady belli jenaýat awtoritetiniň bikanun boşadylmagyna gatnaşandygy sebäpli 2020-nji ýylyň iýun aýynda 11 ýyl we iki aý azatlykdan mahrum edilipdi.

Noýabr aýynda Ýokary sud kazyýet işine gaýtadan seretmegi Bişkegiň etrap suduna tabşyrdy. Kararyň sebäbi dessine düşündirilmedi.

Atambaýew özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

Oktýabr aýynyň başynda, parlament saýlawlarynyň resmi netijelerine garşy geçirilen köpçülikleýin protestlerde Atambaýew tussaglykdan boşadyldy. Dört günden soň ol gaýtadan tussag edilip, bikanun demonstrasiýa gurnamakda aýyplandy.

Atambaýew 2019-njy ýylyň awgust aýynda ýokary derejeli howpsuzlyk işgäriniň ölümine we 170-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan howpsuzlyk güýçleri bilen onuň tarapdarlarynyň arasynda dowam eden iki günlük çaknyşykdan soň polisiýa tabyn boldy we tussag edildi.

Başga-da, öňki prezident 13 adamy öldürmek, adam öldürmek synanyşygy, häkimiýetleriň wekillerine haýbat atmak ýa-da hüjüm etmek, zamun almak we häkimiýeti zor bilen ele almak ýaly hereketlerde aýyplandy.

Bu aýyplamalar boýunça kazyýet işi entek geçirilmedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG