Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen raýatlarynyň ýurduna dolanmagy prezidentiň kararyna bagly bolar


Türkmen passportlary

Türkmenistanyň "Migrasiýa barada" kanunyna, watanyna gaýdyp bilmeýän raýatlaryň pasportlarynyň möhletiniň uzaldylmagyna degişli üýtgetme girizildi. Kadalaşdyryjy düzgün 8-nji iýunda "Bitarap Türkmenistan" gazetinde çap edildi.

“Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda wagtlaýynça ýa-da hemişelik ýaşaýan halatynda, olar özlerine garaşly bolmadyk sebäplere görä, Türkmenistana gaýdyp bilmeýän ýagdaýynda güýji ýa-da möhleti gutaran ýa-da gutaryp barýan pasportlary Türkmenistanyň prezidentiniň karary esasynda uzaldylyp bilner" diýlip, kanuna goşulan üýtgetmede aýdylýar.

Pasportlary uzaltmagyň anyk tertibini kesgitleýän düzgünler entek çap edilmedi.

Türkmenistan daşary ýurtlardaky raýatlarynyň sany barada resmi statistikany çap etmeýär. Bu aralykda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalary türkmen raýatlarynyň pasportlaryny täzelemeýär. Şu sebäpden daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň ençemesi ýyllarboýy dokumentsiz galýar. COVID-19 pandemiýasy türkmen raýatlarynyň ýagdaýyny hasam agyrlaşdyrdy. Diňe bir Türkiýede azyndan onlarça müň türkmen migranty bikanun ýaşaýar.

5-nji iýunda turkmen.news garaşsyz neşiri Daşary işler ministrligindäki çeşmesine salgylanyp, ýakyn wagtda Türkmenistanyň konsullyk edaralarynyň pasportlaryň möhletini iki ýyllyk uzaldyp başlajakdygyny habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG