Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Talyban' halkara goşunlarynyň gidýän wagtynda ýene bir owgan etrabyny basyp aldy


Owganystanyň kartasy "Talyban" hereketiniň gözegçiligindäki regionlary görkezýär

Owganystandan gelip gowuşýan habarlarda "Talybanyň" Owganystanda ýene bir etrap merkezini ele geçirendigi aýdylýar. Bu ýagdaý gozgalaňçy toparyň ýurtdan halkara goşunlarynyň çykarylýan döwründe gazanan üstünliklerine goşant goşdy.

Howpsuzlyk çeşmesiniň 8-nji iýunda Azatlyk Radiosyna beren habaryna görä, hökümet güýçleri demirgazyk Farýap welaýatynyň Dawlatabad etrabynyň merkezini elden berip, golaýdaky bir ýere yza çekilipdir.

Welaýat geňeşiniň agzasy Abdul Ahad Alibek sebitdäki telekommunikasiýa ulgamynyň işlemeýändigi sebäpli howpsuzlyk güýçleriniň onlarça agzasynyň ykbalynyň nämälim galýandygyny aýtdy. Owgan resmisi guryýer goldawynyň mümkin däldigini sebäbi ähli ýollara "Talybanyň" gözegçilik edýändigini aýtdy.

ABŞ we beýleki NATO goşunlarynyň 1-nji maýda resmi taýdan ýurtdan çykarylyp başlaly bäri Owganystanyň birnäçe etraby "Talybana" tabyn boldy.

Owgan resmileri 6-njy iýundan başlap, 7-nji iýuna çenli Uruzgan we Badgyz welaýatlarynda azyndan iki etrabyň "Talybanyň" eline geçendigini aýdýarlar.

Şeýle-de, resmiler soňki 24 sagadyň dowamynda Paktiýa, Baglan, Nangarhar, Logar we Badgis welaýatlarynda 70-den gowrak talyban söweşijisiniň öldürilendigini habar berdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG