Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Gazylyp alynýan baýlyk köp». Özbegistanyň Täjigistana demir ýol gurmagy mümkin


Özbegistan Täjigistana täze demir ýol gurup bilermi?
Özbegistan Täjigistana täze demir ýol gurup bilermi?

Özbegistanyň häkimiýetleri Samarkantdan, Täjigistanyň beýik daglyk sebitinde ýerleşýän Aýni şäherine demir ýol gurmagy mümkin. Şeýle ýol gurulsa diňe bir ýolagçylaryň gatnawyny gowulaşdyrman, eýsem harytlaryň akymyny-da artdyrar: Aýnide mineral ýataklary köp. Şeýle hem Özbegistan Bekabat şäherinden Täjigistanyň Kanibadam şäherine barýan ýoly täzeden gurmak we elektrikleşdirmek isleýändigini aýdýar. Şeýlelikde, geljekde iki ýurduň arasynda ýeke-täk bitewi ulag giňişligini döretmek isleýändigini mälim etdi. Bu taslamalar haýsy etapda we täze demir ýollardan iki ýurt näme peýda görer?

Ýeke-täk ulag giňişliginiň döredilmegi, Özbegistan bilen Täjigistanyň aralygynda iki demir ýoluň gurulmagy baradaky gürrüňler prezident Şawkat Mirziýaýewiň Duşenbä saparynyň öňüsyrasynda başlandy. Özbegistanyň Strategiki barlaglar merkeziniň habaryna görä, saparyň dowamynda 30-a golaý täze şertnama gol çekiler (häzirki wagtda iki ýurduň arasynda 150-den gowrak şertnama hereket edýär). Iki goňşy döwletiň arasyndaky söwdany milliard dollara çenli ýokarlandyrmak baradaky gepleşikler Yslam Kerimow ölenden we Özbegistanda täze prezidentiň häkimiýete gelmeginden bäri, ýagny bäş ýyl dowam edip gelýär. Emma özbek resmileriniň pikirine görä, hut ýol meselesiniň çözülmezligi işleri kynlaşdyrýar.

Özbegistanyň Strategiki barlaglar institutynyň müdiriniň orunbasary Akram Nematow şeýle diýýär:

— Bu, Samarkantdan Penjikende çenli, Samarkantdan Aýni şäherine çenli demir ýoluň gurluşygydyr. Umuman aýdanyňda, döwlet ýeke-täk bitewi giňişligi döretmek isleýär. Bu kadaly ýagdaý. Ýadyňyzda bolsa, 2016-njy ýylda Şawkat Miromonowiç wagtlaýyn prezident wagtynda, onuň ilkinji karary Täjigistan bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak bolupdy.

Täjigistanyň Transport ministrligi ýol gurmak teklibiniň Duşenbe şäherinden gözbaş alandygyny aýdýar. Täjigistanyň geografiki ýerleşiş şertlerine görä, islendik täze ýol – ol awtoulag ýa-da demir ýollary – bularyň her biri örän peýdalydyr: häzirki wagtda ýollar gaty ýetmezçilik edýär, şoňa görä ýurt transport bökdençligine sebäp bolýar. Netijede, Täjigistanyň eksporty hem importy goňşular bilen gatnaşyklaryň derejesine doly baglydyr.

— Täjigistanyň strategiki maksatlaryndan biri aragatnaşyk päsgelçiliginden çykmak. Şonuň üçin soňky on ýylyň dowamynda ýurtda köp sanly kararlar kabul edildi, Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary bilen ulag aragatnaşygyny we logistikany ýola goýmak üçin, ummasyz pul goýuldy, muňa maýa goýumlary çekildi – diýip, Täjigistanyň Strategiki barlag merkeziniň işgäri Umed Dawlatow nygtaýar.

Resmi wekiller täze demir ýollaryň gurulmagynyň iki ýurt üçinem peýdaly boljakdygyny nygtamak bilen býujetden däl-de, eýsem özbek biznesinden serişdeleri çekmek bilen Özbegistandan maýa goýumlaryna garaşylýandygyny aýdýarlar.

Täze ýollaryň guruljak wagty entek yglan edilmese-de, işçi toparlary eýýäm işleýärler: ýoluň geografiki taýdan nirelerden geçip biljekdigini, gurmak üçin näçeräk çykdajy ediljekdigini we taslamanyň ykdysady mümkinçiligini hasaplaýarlar. Bu ýollaryň soňky ýetmeli ýeti – Aýni şäheri tötänleýin saýlanmady. Hut şu ýerde eýýäm öwrenilen mineral ýataklarynyň onlarçasy bar, Täjigistan olary özleşdirmek we ýerasty baýlyklary eksport etmek isleýär.

– Teklip biziň Senagat ministrligimiz tarapyndan öňe sürüldi. Zarafşan derýasynyň boýunda ýerleşýän Penjikent şäherindäki ýataklaryň özleşdirilmegini we ösüşini göz öňünde tutup, maýa goýumlaryny çekmek zerurlygy döredi. Eger demir ýollar gurulsa, bu işi amala aşyrmak has aňsat düşer – diýip, Täjigistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekili Saýfullo Kodirow aýdýar.

Syýasatşynas Abdumalik Kadyrow Samarkant – Aýni we Bekabat – Kanibadam demir ýollarynyň hakykatdanam iki ýurt üçin peýdalydygyny, munuň Täjigistan bilen Özbegistany has ýakynlaşdyrjakdygyny aýdýar. Şeýle hem Özbegistanyň öz kömegi bilen Täjigistanyň ykdysadyýetine täsirini artdyryp biljekdigini-de mälim edýär.

— ​Eger biz öz eksport potensialymyzy bu demir ýollarda peýdalanyp bilsek, ol ýollar biziň haýrymyz üçin işlär. Eger şeýle potensialy ulanmasak, onda bu demir ýollaryndan diňe Özbegistan peýdalanar, olar öz harytlaryny satarlar we biziň bazarymyzdaky hytaý harytlarynyň oruny çalşarlar – diýip, syýasy bilermen aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG