Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden ilkinji daşary ýurt sapary bilen Britaniýa geldi, ýaranlar bilen gatnaşyklary düzeder, Putin bilen duşuşar


Prezident Jo Baýden ABŞ Howa güýçleriniň işgärleriniň öňünde çykyş edýär, Britaniýa, Mildenhall. 9-njy iýun, 2021.
Prezident Jo Baýden ABŞ Howa güýçleriniň işgärleriniň öňünde çykyş edýär, Britaniýa, Mildenhall. 9-njy iýun, 2021.

Prezident Jo Baýden özüniň wezipä girişeli bäri amala aşyrýan ilkinji daşary ýurt saparynyň başynda Britaniýa geldi. Bu Ýewropadaky ýaranlar bilen hem-de transatlantik ýaranlyk bilen Waşingtonyň gatnaşyklary täzeden ýola goýýandygyny görkezýär.

9-njy iýunda giçlik Mildenhalldaky Patyşalyk howa güýçleri bazasyna barandan soňra, Baýden ol ýerde ýerleşýän ABŞ howa güýçleriniň işgärleri bilen söhbetdeş boldy we demokratiýanyň goralmalydygyny, güýçlendirilmelidigini we gaýtadan janlandyrylmalydygyny aýdyp, syýahatyň äheňini kesgitledi.

Baýden öňümizdäki hepde Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen geçirjek duşuşygynda oňa, Birleşen Patyşalyk, Ýewropa we Birleşen Ştatlary üçin transatlantik ýaranlygyň möhüm güýç çeşmesidigini düşündirmäge taýýardygyny aýtdy.

Prezident, ABŞ bilen Britaniýanyň arasyndaky aýratyn gatnaşygy ýene bir gezek tassyklamak üçin ertesi güni Britaniýanyň premýer ministri Boris Jonson bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görüp, howa bazasyndan soň gijäni geçirmek üçin Kornwal şäherine bardy.

Baýdeniň sapary, Waşington bilen Moskwanyň arasynda güýçlenýän dartgynlylygyň arasynda, 16-njy iýunda Putin bilen ýüz-ýüze geçiriljek duşuşyk bilen tamamlanar.

XS
SM
MD
LG