Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Parlamenti "jenaýatçy" belarus režimine  garşy berk ykdysady sanksiýalara çagyrýar


ÝB-niň daşary meseleler boýunça ýokary komissary Josep Borrell Strasburgda, Ýewropa Parlamentinde çykyş edýär. 8-nji iýun, 2021.
ÝB-niň daşary meseleler boýunça ýokary komissary Josep Borrell Strasburgda, Ýewropa Parlamentinde çykyş edýär. 8-nji iýun, 2021.

Ýewropa Parlamenti barha artýan repressiýalara we iki ýewropa paýtagtynyň arasynda gatnaýan ýolagçy uçarynyň zor bilen ýolundan sowulmagyna we oppozisiýa aktiwisti Raman Pratasewiçiň tussag edilmegine jogap hökmünde, Belarusa garşy töwerekleýin ykdysady sanksiýalaryň girizilmegine we beýleki berk çäreleriň görülmegine çagyrdy.

Ykdysady sanksiýalar Belarusyň nebit, kaliý, polat we agajy gaýtadan işleýän döwlet kompaniýalaryny nyşana almaly diýip, ýewropaly kanun çykaryjylaryň 10-njy iýundaky hökmany borçlandyrmaýan rezolýisiýasynda aýdylýar.

Şeýle-de, Ýewropanyň kanun çykaryjylary Belarusyň döwlet banklary bilen hyzmatdaşlygy we olary maliýeleşdirmegi togtatmalydygyny, Belarusy SWIFT halkara bank ulgamyndan çetleşdirmegi göz öňünde tutmalydygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi şu wagta çenli aktiwleri doňrurmak, 88 adama we ýedi gurama, şol sanda awgust aýynda saýlawlary galplaşdyrmakda aýyplnan Aleksandr Lukaşenka wiza bermegi gadagan etmek bilen, Belarusa üç tapgyr sanksiýa girizdi.

XS
SM
MD
LG