Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden dünýä üçin "sanjym meýilnamasyny" yglan edýär


Jo Baýden Mildenhalldaky iňlis howa güýçleri bazasynda çykyş edýär. 9-njy iýun, 2021-nji ýyl.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden çarşenbe güni, G7, NATO, Ýewropa Bileleşigi bilen geçiriljek sammitlere we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşik geçirjek ýewropa syýahatyna ugramazyndan öň, dünýä üçin ‘waksina planlaryny’ yglan etdi.

Milli jemgyýetçilik radiosy (NPR) prezident Baýdeniň ýakyn töweregindäki çeşmelere salgylanyp, prezidentiň ABŞ-nyň Pfizer kompaniýasynyň COVID-19 sanjymlarynyň 500 million dozasyny peşgeş berjekdigini yglan etjekdigini habar berdi.

ABŞ hökümeti tarapyndan satyn alnan sanjymlar Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna berler we sanjym satyn almaga serişdesi bolmadyk ýurtlara kömek etmek üçin döredilen COVAX programmasy arkaly paýlanar.

ABŞ-nyň etjek goşandy ýyl ahyryna çenli dünýä ilatynyň 20 göterimine sanjym etmek meýilnamasyny ýerine ýetirmekde kynçylyk çekýän, has anygy häzirlikçe ösen ýurtlardan ýeterlik sanjym alyp bilmedik COVAX-yň mümkinçiliklerini ep-esli giňelder.

Prezident Baýdeniň meýilnamasy ABŞ-nyň dünýäde COVID-19 sanjym kampaniýasynda oýnaýan rolunyň barha artýandygyny görkezýär diýip, NPR ýazýar. Golaýda Jo Baýden COVAX-a we sanjym satyn almakda kynçylyk çekýän ýurtlara 80 million dozadaky sanjym wadasyny berdi.

Ýedilik toparynyň (G7) liderleriniň 11-nji iýunda Angliýada başlanýan üç günlük sammitinde baý ýurtlar klubynyň garyp ýurtlara 1 milliard dozada COVID-19 sanjymyny wada bermegine garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG