Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet geçen ýyl Türkmenistandan 1 milliard dollarlyk tebigy gaz satyn aldy


Russiýa 2019-njy ýylda Türkmenistandan 300 million dollarlyk tebigy gaz import etdi.
Russiýa 2019-njy ýylda Türkmenistandan 300 million dollarlyk tebigy gaz import etdi.

“Gazprom” 2015-nji ýylda ozal ýylda 10 milliard kub metr möçberinde alan türkmen gazyny ýylda 4 milliard kub metre çenli azaldýandygyny yglan etdi. 2016-njy ýylyň başyndan bolsa, “Türkmengaz” bilen “Gazpromyň” arasyndaky ylalaşmazlyklar üstünde, Moskwa türkmen gazyny satyn almagyny doly togtatdy.

Russiýanyň “Gazprom GAZP.MM” kompaniýasy geçen ýyl Türkmenistandan takmynan 1 milliard dollarlyk tebigy gaz satyn aldy diýip, “Roýters” habar gullugy Russiýanyň Merkezi Aziýa döwletindäki ilçisi Aleksandr Blohine salgylanyp, anna güni habar berdi.

"Gazprom" 2016-njy ýylda togtadylan gaz söwdasyny 2019-njy ýylyň ikinji ýarymynda dikeldip, türkmen gazyny gaýtadan satyn almaga başlady. Ýöne kompaniýa öňküsinden has az möçberde, her ýylda 5,5 milliard kub metre çenli gaz satyn almaga razy boldy.

Brifingde çykyş eden Blohin satylan gazyň möçberi ýa-da bahalary baradaky jikme-jiklikleri aýan etmekden saklandy.

Russiýa 2019-njy ýylda Türkmenistandan 300 million dollarlyk tebigy gaz import etdi. Bu habary hem “Roýters” Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Aleksandr Blohine salgylanyp habar berdi.

Türkmenistan bilen Russiýa 2019-njy ýylyň iýulynda 5 ýyllyk möhlet bilen täze gaz şertnamasyna gol çekdi. Ýöne şu wagta çenli satylýan gazyň anyk bahasy aýdylmaýar.

“Gazprom” 2015-nji ýylda ozal ýylda 10 milliard kub metr möçberinde alan türkmen gazyny ýylda 4 milliard kub metre çenli azaldýandygyny yglan etdi. 2016-njy ýylyň başyndan bolsa, “Türkmengaz” bilen “Gazpromyň” arasyndaky ylalaşmazlyklar üstünde, Moskwa türkmen gazyny satyn almagyny doly togtatdy.

Türkmen tarapy rus tarapyny alan gazynyň bahasyny tölemezlikde aýyplasa, rus tarapy 2015-nji ýylyň iýun aýynda Stokgolmyň ykdysady dawalara seredýän arbitraž suduna şikaýat edip, Türkmenistanyň Russiýa satýan gazynyň bahalaryna gaýtadan seredilmegini sorady.

Türkmen-rus gaz söwdasynyň 2019-njy ýylda gaýtadan dikeldilmegi bilen, türkmen tarapynyň Russiýa bilen aradaky gaz oňuşmazlyklaryny nähili şertlerde çözendigi, “Gazpromyň” ozal alan we bahasyny tölemedik gazynyň puluny töläp-tölemändigi hakynda hem hiç bir zat aýdylmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG