Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Baýden hakda pikirini aýdyp, öldürilen Kreml garşydaşlary baradaky soragdan gaçdy


Jo Baýden we Wladimir Putin 2011-nji ýyldaky duşuşyk wagtynda. "Roýtersiň" arhiwinden
Jo Baýden we Wladimir Putin 2011-nji ýyldaky duşuşyk wagtynda. "Roýtersiň" arhiwinden

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin özi bilen geçirilen giňişleýin söhbetdeşlikde ABŞ bilen gatnaşyklaryň soňky ýyllarda iň pes derejesine düşendigini aýtdy we özüniň "ganhor" atlandyrylmagy barada durup geçdi.

Putiniň NBC bilen geçiren söhbetdeşliginden alnan bölek 11-nji iýunda, rus lideriniň ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen 16-njy iýunda Ženewada duşuşmagynyň birnäçe gün öňünden efire berildi.

Putin "adatdan daşary" öňki prezident Donald Trampy "karýera adamy" bolan Baýden bilen gapma-garşy goýdy we Baýden bilen işleşip biljekdigine umyt baglaýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşlikde Putinden ölümi Kremlden görlen syýasy garşydaşlary we mart aýynda Baýdeniň Putini "ganhor" hökmünde häsiýetlendirip aýdan sözi barada hem soraldy.

"Wezipä geçelim bäri her dürli bahanalar we sebäpler esasynda dürli künjeklerden we sebitlerden, dürli gerimlerde we gazaplylykda edilýän hüjümlere öwrenişdim, bularyň hiç biri-de meni geň galdyrmaýar" diýip, Putin aýtdy we "ganhor" adalgasynyň Holliwudda giňden ýaýran "maço gylygynyň" (goçusyramagyň) bir bölegidigini öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG