Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kanadalylar pakistanly maşgalany öldüren awtoulag hüjüminden soň 'yslamofobiýa' garşy ýöriş etdi


Adamlar musulman maşgalasynyň öldürilen ýerinde gül çemenlerini goýýarlar.

Geçen hepde ýük maşyny arkaly edilen hüjümde öldürilen musulman maşgalasynyň dört agzasyny hatyralamak üçin 11-nji iýunda müňlerçe kanadaly Ontarionyň London şäherinde ýörişe çykdy.

Dinara ýöriş Afzaal maşgalasynyň bäş agzasynyň üstünden 6-njy iýunda ýük awtoulagynyň sürlen çatrygyndan başlandy. Polisiýa bu ýük maşynynyň sürüjisiniň 20 ýaşly adam bolup, onuň "ýigrenç sebäpli, öňünden planlaşdyrylan, matlaply hereketi” amala aşyrandygyny aýtdy.

Salman Afzaal we onuň aýaly Madiha Salman, Afzaalyň ejesi we 15 ýaşly gyzy köçeden geçjek bolup garaşyp duran ýerlerinde, bilelikde öldürildi. 9 ýaşly Faýez Afzaal ýaralandy, emma aman galdy.

Ýigrenje we yslamofobiýa garşy göreş üçin gurnalan ýöriş takmynan ýedi kilometr uzaklykdaky metjide, London şäherinde takmynan 30 müň çemesi adamdan ybarat musulman jemgyýetine hyzmat edýän bina çenli dowam etdi.

Afzaallary we musulmanlara garşy ulanylan zorlugyň beýleki pidalaryny ýatlap, Monrealda, Ottawada, Torontoda we Kwebekde hem, 2017-nji ýylda metjide edilen hüjümde öldürilen alty adamy hatyralamak üçin, ýöriş geçirildi.

2007-nji ýylda Pakistandan göçüp gelen Afzaallar 12-nji iýunda topraga tabşyrylar.

Güman edilýän Nataniel Weltman dört adamy bilkastdan öldürmekde we ýene bir adamy öldürmek synanyşygynda aýyplandy. Bu aýyplamalar esasynda oňa ömürlik türme tussaglygy berlip bilner.

Bu hüjüm 2018-nji ýylda bir adamyň Torontoda kireýine alan awtoulagyny pyýadalaryň üstünden sürüp, 10 adamy öldürişini we 16 adamy ýaradar edişini ýada saldy.

Şondan bir ýyl öň bolsa, Kwebek şäherindäki bir metjidi oka tutan adam alty ybadatçyny öldürip, sekiz adamy ýaralady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG