Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Knesseti Netanýahuyň 12 ýyllyk dolandyryşyny soňlamak üçin ses berer


Merkezçi Ýair Lapid
Merkezçi Ýair Lapid

Ysraýylyň parlamenti ýa-da Knesset 13-nji iýunda premýer-ministr Benýamin Netanýahusyz boljak täze hökümet üçin ses berer, bu çäre sagçy lideriň 12 ýyllyk dolandyryşyny soňlar.

71 ýaşly Netanýahu Ysraýylda 23-nji martda geçirilen saýlawdan soň hökümet düzmegi başarmady. Bu ýurtda iki ýylda geçirilen dördünji saýlaw boldy.

Mejlisiň başlygy, Netanýahua ygrarly Ýariw Lewin 8-nji iýunda, merkezçi Ýair Lapid özüniň aşa milletçi Naftali Bennet bilen sagçy, çepçi, merkezçi we arap partiýalarynyň giň dolandyryş ýaranlygyna esaslanýan bileleşik gurmak ylalaşygyna gelendigini aýdanyndan bir hepde soň, ses berişlige çagyrdy.

Bu ylalaşyk boýunça ilki Bennet premýer-ministr bolar, soň Lapid hökümeti dolandyrar.

Eger-de koalisiýa ynam ses berişliginde ýeňiş gazansa, şol günüň özünde kasam kabul eder. Bu Netanýahuyň premýer-ministr hökmündäki 12 ýyllyk häkimiýetiniň tamamlanan güni bolar.

XS
SM
MD
LG