Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Putin-Baýden gepleşikleriniň peýdaly bolup biljekdigini aýdýar


Joe Biden we Wladimir Putin, foto kollaž
Joe Biden we Wladimir Putin, foto kollaž

Kremliň kömekçisi Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň we ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň arasynda 16-njy iýunda Ženewada geçiriljek sammitiň anyk şertnamalary baglaşmagynyň ähtimal däldigini, emma duşuşygyň henizem peýdaly boljakdygyny aýtdy.

14-nji iýunda Brýusselde geçirilen metbugat ýygnagynda Baýden Putin bilen 16-njy iýunda geçiriljek sammitiň gün tertibiniň aýratynlyklary barada soraga jogap berip, sammitiň näderejede üstünlikli boljakdygy kesgitlemekden ýa-da baha bermekden saklandy.

Biden Putin bilen ylalaşyk ugurlaryny gözleýändigini, şol bir wagtyň özünde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we onuň ýaranlaryna garşy dowam edýän agressiýa garşy duýduryş berjekdigini aýtdy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň soňky ýyllarda iň pes derejä ýeten wagtynda Baýden prezident bolanyndan bäri Putin bilen ilkinji gezek duşuşar.

Putiniň daşary syýasat boýunça geňeşçisi Ýuriý Uşakowyň 15-nji iýunda žurnalistlere aýtmagyna görä, gepleşikleriň gün tertibi 14-nji iýunda Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Saliwan bilen telefon arkaly geçirilen gepleşiginde tassyklanypdyr.

Uşakowyň pikiriçe, iki ýurduň türmelerinde oturan amerikan we rus raýatlarynyň ykbaly sammitiň gün tertibinde bolar.

"Men haýsydyr bir ylalaşygyň gazanyljakdygyna ynanamok. Bu duşuşyga praktiki optimizm bilen seredýärin" - diýip Uşakow 14-nji iýunda žutnalistlere aýtdy.

XS
SM
MD
LG