Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Ryanair” kompaniýasynyň başlygy howa giňişliginiň “syýasylaşdyrylmagyna” garşy duýduryş berdi


"Ryanair" kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Michael O'Leary

“Ryanair” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory özüniň Belarusyň üstünden uçuşlaryň uzak möhletleýin gadagan edilmegine garşydygyny we bir ýurduň howa giňişliginiň syýasylaşdyrylmagynyň howplydygyny duýdurdy.

Michael O'Leary “Ryanair” uçarynyň 23-nji maýda mejbury gondurylmagynyň ýalan bahana bilen amala aşyrylandygyny we munuň bilen “ähli halkara awiasiýa düzgünleriniň bilkastlaýyn bozulandygyny” aýtdy.

Ýöne ol Belarusyň üstünden uçuşlary togtatmak baradaky halkara jogaby uzak möhletleýin berjaý etmegiň amatsyzdygyny aýtdy.

15-nji iýunda O’Leary “Ryanair” uçarynyň ugrunyň üýtgedilmegi boýunça Britaniýanyň parlamentinde şaýatlyk etdi.

Uçar gonandan soňra, belarus häkimiýetleri iki ýolagçyny - belarusly oppozisiýa bloggeri Roman Protesewiçi hem-de onuň orsýetli halaşýan gyzy Sofiýa Sapegany tussag edip, global ýazgaryşlara sebäp boldy.

Belarus howa hereketiniň gözegçileri Ryanair gatnawynyň pilotlaryna bomba howpy sebäpli uçaryň başga ugra gönükdirilmegini aýtdylar, bomba howpy soňra ýalan bolup çykdy.

Britaniýa we Ýewropa Bileleşigi howa ýollary kompaniýalaryna belarus howa giňişliginden gaça durmagy aýdyp, hem-de Belarusyň milli howa ýollary gullugy “Belawianyň” öz ýurtlaryna uçuşlaryny gadagan edip, muňa jogap berdiler.

O’Leary bu gadagançylygyň awiakompaniýalaryň ýa-da ýolagçylaryň uzak möhletleýin bähbidine däldigini aýtdy.

“Eger-de biz islendik ýurduň üstünden uçmak hukuklarymyzy syýasylaşdyryp başlasak, bu örän howplydyr” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG