Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-Russiýa gatnaşyklary pes mahaly, Baýden we Putin ilkinji sammitde duşuşýar


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden (çepde) bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ženewada duşuşýar. 16-njy iýun, 2021 ý.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden (çepde) bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ženewada duşuşýar. 16-njy iýun, 2021 ý.

Russiýa – ABŞ gatnaşyklary Sowuk uruşdan soňky geçen döwrüň dowamynda iň pes derejesinde galýan wagty, 16-njy iýunda Jo Baýden we Wladimir Putin Ženewada ilkinji sammitde duşuşýar. Duşuşyk ABŞ prezidentiniň rus kärdeşiniň ganhordygyna ynanýandygyny aýtmagyndan bary-ýogy bir aý soň geçirilýär.

Şeýle-de, duşuşyk Putiniň Alekseý Nawalny ýaly oppozisiýa aktiwistlerini gysyp, hem-de garaşsyz mediany we hökümete degişli bolmadyk guramalary bogup, ýurduň syýasatynda agalygy berkidýän wagtyna gabat gelýär.

Baýdeniň metbugat sekretary Ak tamyň “ne Russiýa bilen gatnaşyklary täzelemäge, ne-de möwjetmäge synanyşýandygyny” aýtdy.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde, Baýden özünden öňki prezident Donald Trampdan has ýiti daraşýar.

Wezipä girişeli bäri, Baýden Russiýa garşy ykdysady sanksiýalaryň iki tapgyryny girizdi. Ýöne ol “Täze START” ýarag gözegçiligi şertnamasynyň möhletiniň uzaldylmagy bilen ylalaşdy we Demirgazyk akymy 2 gaz geçirijisiniň tamamlanmagyna böwet bolmakdan ýüz öwürdi.

Putin bu sammite “Uly güýçleriň” duşuşygy hökmünde garaýar. Bu onuň Sowetleriň güýjüne besleýän nostalgiýasynyň beýanydyr. Şeýle-de, Putin üçin bu sammit Russiýanyň global ähmiýetli meselelerde ABŞ bilen egin-egine rol alýandygyny görkezmegiň bir usuly bolup durýar.

Duşuşygyň gün tertibinde ýarag gözegçiligi, kiber jenaýatlar, içalyçylyk, howanyň üýtgemegi we COVID-19 bar.

XS
SM
MD
LG