Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden, Putin düýpli tapawutlanýan garaýyşlara garamazdan, gepleşiklerde käbir 'öňe gidişlik' gazandy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ prezidenti Jo Baýden we onuň rus kärdeşi Wladimir Putin özleriniň ýüz-ýüze geçiren ilkinji sammitinde iki taraplaýyn gatnaşyklary Sowuk uruşdan bäri iň pese derejä getiren iri ara tapawutlara garamazdan, ownuk meselelerde umumy pikir tapandyklaryny aýtdy.

16-njy iýunda Ženewada üç sagatdan gowrak dowam eden gepleşiklerden soň, Baýden iki lideriň arasyndaky gepleşikleriň dartgynly geçendigini aýtdy we käte “gepleşip, has köp wagt ýitirere zerurlyk bolmadyk” derejä ýetendigini gürrüň berdi.

Putin, gatnaşyklar dostlukly derejä ýetmedik hem bolsa, “şol bir dilde gürleýän” tejribeli we konstruktiw hyzmatdaş bilen pragmatiki gepleşikleriň geçirilendigini aýtdy.

“Biz, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Josef R. Baýden we Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin, Birleşen Ştatlarynyň we Russiýanyň, hatda dartgynly döwürlerde hem, ýaragly çaknyşyklary we ýadro uruş howpyny azaldyp, strategiki pudakda umumy maksatlarymyz boýunça öňünden kesgitlenilmeleri üpjün etmek üçin öňegidişlikleri gazanyp boljakdygyny görkezenedigini nygtaýarys” diýip, sammitden soň bilelikdäki beýannama aýtdy.

Duşuşyk Putiniň, sentýabrda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňýany, Alekseý Nawalny ýaly oppozisiýa aktiwistlerini gysyp, hem-de garaşsyz mediany we hökümete degişli bolmadyk guramalary bogup, ýurduň syýasatynda agalygy berkidýän wagtyna gabat gelýär.

Duşuşygyň öňýany, duşuşyk babatynda tamalar pes boldy, taraplaryň ikisi-de ýarag gözegçiligi, kiber hüjümler, Ukraina, saýlawlara gatyşylmagy ýaly meseleleriň köpdürliligini göz öňünde tutup, möhüm ösüşleriň gazanylmagyna pessimist çemeleşdi.

Uly ara tapawudyň alamaty hökmünde, Baýden we Putin gepleşiklerden soň aýry-aýry metbugat ýygnaklaryny geçirdiler. Bu rus lideriniň öňki prezident Donald Tramp bilen 2018-nji ýylda geçiren sammitindäki ýakymly atmosfera meňzemedi.

ABŞ prezidenti “bize gatnaşyklaryň dowamynda ählimiziň berjaý edip biljek käbir esasy düzgünler gerek” diýip, Putine aýdandygyny gürrüň berdi. “Men etmelimi etdim” diýip, sözüne goşdy.

Ol Putiniň hereketleriniň ýurduň dünýä sahnasyndaky abraýyny ‘peseldýändigini’ aýtdy.

“Onuň baş goşýan işlerine biz hem baş goşasdyk, nähili bolardy?” diýip, Baýden sorady. Ol birnäçe aý ozal geçirilen telewizion interwýusynda Putiniň ganhordygyna ynanýandygyny aýdypdy.

Öz gezeginde Putin birinjilik bilen geçiren metbugat ýygnagynda duşuşygyň dowamynda duşmançylygyň bolmandygyny we gürrüňdeşligiň “ep-esli konstruktiw” geçendigini aýtdy.

“Biziň köp meselä berýan bahamyz başga-başga, ýöne meniň pikirimçe iki tarap hem birek-birege düşünmek we ýakynlaşmagyň ýollaryny gözlemek islegini görkezdi” diýip, ol aýtdy.

Putin Moskwanyň we Waşingtonyň bar bolan Täze START şertnamasynyň esasynda ýadro ýaraglaryna gözegçilik gepleşiklerine girişmek boýunça ylalaşandygyny aýtdy.

“Birleşen Ştatlary we Russiýa bilelikde ýakyn wagtda esasly we güýçli boljak toplumlaýyn ikitaraplaýyn Strategiki durnuklylyk gepleşiklerine başlar. Bu dialog arkaly geljekde ýaraglara gözegçilik we töwekgelçiligi azaltmak çäreleri üçin esas goýmaga synanyşarys” diýip, bilelikdäki beýanat aýtdy.

Iki lideriň arasynda geçirilen sammit Ženewanyň meşhur de la Granž willasynda ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinkeniň hem-de Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň gatnaşmagynda başlady we ilki 90 minutdan gowrak wagt dowam etdi. Gysga arakesmeden soňra, prezidentler başga-da birnäçe kömekçiniň gatnaşmagynda ýene bir gezek duşuşdy we gepleşikleriň ikinji bölümi 65 minut töweregi dowam etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG