Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Belarusyň daşary işler ministri Protasewiçiň orsýetli halaşýan gyzynyň işi boýunça Lawrow bilen duşuşýar


Sofiýa Sapega

17-nji iýunda Belarusyň daşary işler ministri Uladzimer Makeý tussag edilen belarusly oppozisiýa aktiwisti Roman Protasewiçiň gyz dosty, orsýet raýaty Sofiýa Sapeganyň statusy boýunça iki günlük sapar bilen Moskwa barýar.

Russiýa Makeýiň Moskwa daşary işler ministri Sergeý Lawrow tarapyndan belarus türmesinde wagtlaýyn tussaglykda saklanýan Sapeganyň ýagdaýyny maslahat etmek üçin çagyrylandygyny aýdýar.

Lawrow we Makeý onuň işi boýunça 18-nji iýunda duşuşarlar.

Belarus häkimiýetleri 23-nji maýda Afinadan Wilniýusa barýan raýat uçaryny belarus harby uçary bilen Minske gonmaga mejbur etdi we uçardan Sapegany we Protasewiçi çekip, çykaryp aldylar.

“Ryanair” uçarynyň belarus söweş uçary tarapyndan ugrunyň üýtgedilmegi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýazgaryldy we Günbatary Belarusa garşy sanksiýalary girizmäge iterdi.

Ýöne belarus kazyýeti 14-nji iýunda Sapeganyň türmeden boşamak üçin beren arzasyny ret etdi we onuň belarus kanunçylygyna laýyklykda tussag edilendigini aýtdy.

Sapeganyň adwokaty Aleksandr Filanowiç oňa garşy jenaýat işiniň gozgalandygyny aýdýar. Ýöne ol özüniň bu iş boýunça jikme-jiklikleri jemgyýetçilige aýan etmezligi boýunça kazyýet kararynyň bardygyny aýdyp, gozgalan jenaýat işi boýunça başga jikme-jiklik aýtmady.

Minskdäki “Wýasna” adam hukuklary merkezi belarus häkimiýetleriniň Sapegany jemgyýetçilik düzgün-tertibini bozýan hereketleri gurmalaşdyrmakda we taýýarlamakda, köpçülikleýin bidüzgünçilikleri guramakda we ýigrenji öjükdirmekde günäkärleýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG