Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dowam edýän eldegirmesizligiň arasynda Owganystan asuda raýatlaryň öldürilmegini derňemäge çagyrylýar


Illýustrasiýa suraty. Owgan adam hukuklaryny goraýjylar

Amnesty International owgan häkimiýetlerini soňky wagtlarda parahat ilata uruş jenaýatlaryna barabar ganly hüjümleri yzly-yzyna amala aşyrýan jenaýatçylary derňemäge we olary jogapkärçilige çekmäge çagyrdy

“Parahat ilatyň tas doly eldegirmesizlik bilen nyşana alynmagy peselmän dowam etdirilýär” diýip, düýbi Londonda ýerleşýän adam hukuklaryna gözegçi guramanyň Günorta Aziýa kampaniýaçysy Samira Hamidi 16-njy iýunda beren beýanatynda aýtdy. Onuň öň ýany bir hdepden gowrak wagtyň dowamynda Owganystan boýunça azyndan 24 asuda raýat öldürildi.

“Parahatçylyk gepleşikleri gowşap, halkara güýçleriň doly yza çekilmegine görülýän taýýarlyklaryň depgini ýokarlanýan wagty, çaknyşygyň heläkçilik bahasyny Owganystanyň parahat ilaty töleýär” diýip, ol aýtdy.

Halkara günä geçiş guramasyna görä, 2020-nji ýylyň sentýabrynda owgan hökümeti bilen Talibanyň arasynda parahatçylyk gepleşikleri başlaly bäri, hususan-da, medisina işgärleriniň, ynsanperwer adamlaryň, adam hukularyny goraýjylaryň we žurnalistleriň janyna kast edilýär, ýylyň başyndan bäri olardan 24 adam öldürilipdir.

Bu ölümlerden diňe birinden başga hiç haýsy boýunça derňew geçirilmedi we hiç bir iş boýunça hiç kim jogapkärçilige çekilmedi diýip, beýanat aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG