ABŞ-nyň Wekiller öýi Birleşen Ştatlarda gulçulygyň soňlanmagynyň hatyrasyna 19-njy iýuny federal baýramçylyk senesi yglan edýän kanun taslamasyny köpüň goldamagy bilen kabul etdi.
“Juneteenth” diýlip atlandyrylýan bu baýramçylyk senesi 1865-nji ýylda gulçulykdaky iň soňky afrikan amerikalylaryň gulçulykdan azat edilendiklerini eşiden senesidir.
ABŞ-nyň köp ştatynda onsuz hem bu sene dynç güni hökmünde ykrar edilýär ýa-da resmi taýdan bellenip geçilýär, ýöne Kongresde kabul edilen kanun taslamasy bu senäni federal baýramçylyga öwürýär. Şeýle sene 1983-nji ýylda "Martin Luther King Jr. Gününiň" kabul edilmeginden bäri ykrar edilýän ilkinji senedir.
Wekil Şeýla Jekson Li (Sheila Jackson Lee) (demokrat – Tehas) “Amerikanyň asyl günäsiniň, adam gulçulygynyň soňlanan gününi hatyralamak we ony baýramçylyk hökmünde bellemek üçin” özüniň şeýle kanun taslamasyny teklip edendigini aýtdy.
Beýleki wekiller bu federal baýramçylygyň garaýagyz taryhyny we medeniýetini bellemek üçin hem-de 1861-1865-nji ýyllaryň raýat urşunda gulçulygyň soňuna çykmak üçin söweşip jan beren amerikalylary ykrar etmek üçin kabul edilendigini aýtdylar.
Wekiller palatasy kanun taslamasyny 415-14 ses bilen kabul etdi. Kanun çykaryjylar şowhunly el çarpyp, kanun taslamasynyň kabul edilmegini gutlady.
Senat bu kanun taslamasyny 15-nji iýunda biragyzdan kabul etdi.
Kanun taslamasy indi gol çekmek üçin prezident Jo Baýdene iberiler.