Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhetsiz reportýorlar Russiýanyň garaşsyz mediany ‘öldürýändigini’ duýdurýar


Media hukularyna gözegçi gurama "Dožd TW" ýaly az sanly garaşsyz habar beriş serişdeleriniň Russiýada 'kem-kemden ýitirim edilýändigini' aýdýar.
Media hukularyna gözegçi gurama "Dožd TW" ýaly az sanly garaşsyz habar beriş serişdeleriniň Russiýada 'kem-kemden ýitirim edilýändigini' aýdýar.

Serhetsiz reportýorlar Russiýada garaşsyz medianyň “kem-kemden ýitirim edilýändigini duýdurýar we prezident Wladimir Putini Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyny we beýleki habar guramalaryny nyşana almak üçin ulanylýan “çäklendiriji daşary ýurt agentleri kanunyny” ýatyrmaga çagyrýar.

Düýbi Parižde ýerleşýän media hukuklaryna gözegçi gurama 16-njy iýunda çap eden beýanatynda düýbi Russiýada ýerleşýän Vtimes neşiriniň ýapylmagyny we düýbi Latwiýada ýerleşýän "Meduza" ýaly beýleki media serişdelerine abanýan töwekgelçilikleri mysal getirdi.

“Häkimiýetleriň barha güýçlenýän basyşlaryna diňe bir gysym garaşsyz media gruamalary çydamagy başarýar” diýip, beýanat aýtdy we “Dožd TW”, Demirgazyk Kawkazyň “Fortang” we “Çernowik hem-de düýbi Kaliningradda ýerleşýän “Nowyýe Koleso” ýaly neşirlere garşy alnyp barylýan “gorkuzma synanyşyklaryna” salgylandy.

“Soňky birnäçe ýyl bäri rus media giňişligindäki garaşsyz habar beriş serişdeleriniň kem-kemden ýitirim edilmegi we soňky wagtlarda bu prosesiň tizlenmegi gaty ynjaklyksyzlandyrýar” diýip, Serhetsiz reportýorlar guramasynyň Günorta Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygy Jin Kawelier (Jeanne Cavelier) aýtdy.

Ol Putini we Russiýanyň Adalat ministrligini “daşary ýurt agentleri kanuny” ýatyrmaga çagyrdy.

Russiýanyň “daşary ýurt agentleri” kanuny daşary ýurt ýardamlaryny kabul edýän hem-de Russiýanyň hökümetiniň "syýasat bilen meşgullanýar" diýip hasaplaýan hökümete degişli bolmadyk guramalardan bellige alynmagy, özlerini “daşary ýurt agentleri” diýip tanatmagy, barlaglara tabyn bolmagy we öz maglumatlaryny tagmalamagy talap edýär.

Kanuna girizilen soňky üýtgetmeler daşary ýurt maýaly media guramalaryny, şol sanda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň köp sanly gulluklaryny we özbaşdak žurnalistlerini nyşana alýar.

XS
SM
MD
LG