Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranlylar häkimiýete berk liniýaly dalaşgäri getirip biljek prezident saýlawynda ses berýär


Abdolnaser Hematiniň goldawçylary
Abdolnaser Hematiniň goldawçylary

Eýranlylar 18-nji iýunda ýurduň indiki prezidentini saýlamak üçin ses bermäge başlady, ýöne köp adam, dalaşgärleriň öňünden berk elekden geçirilmegi bilen, indiki lider eýýäm kesgitlenendir öýdýär.

Bu ses berişlik ABŞ sanksiýalary, döwletiň emelsiz dolandyrylyşy we koronawirus pandemiýasy sebäpli çöken ykdysady kynçylyklaryň ejirini çekýän saýlawçylaryň biperwaýlygy we ýokarlanan gahar-gazaby arasynda geçirilýär.

Eýranyň iň ýokary ygtyýarly lideri Aýatolla Ali Hameneýi eýranlylary saýlawlara gatnaşmaga ruhlandyrmak bilen, adamlary ruhdan düşürip, saýlawlara gatnaşmazlyga itekleýän “duşmanlary” tankyt etdi, döwlet telewideniýesi bolsa birnäçe şäherdäki saýlaw uçastoklarynyň daşynda dörän uzyn nobatlary görkezdi.

Hameneýi Tähranda ses bereninden soň: "Her ses sanalýar... geliň we ses beriň, prezidentiňizi saýlaň ... bu siziň öz ýurduňyzyň geljegi üçin möhüm" diýdi.

Berk liniýaly ruhany we kazyýetiň başlygy, 60 ýaşly Ebrahim Reýsiniň iki möhletlik prezidentligi tamam bolan we üçünji gezek dalaşgär bolup bilmeýän prezident Hasan Rohaniniň ornuny almagyna garaşylýar.

Reýsi 1988-nji ýylda müňlerçe syýasy tussagyň gyssanmaç sud edilip, ölüme höküm edilmegine we jezalaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilik eden eýranly kazylaryň biri bolup, ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar ony adamzada garşy jenaýat etmekde günäli hasaplaýar.

Eýranyň hökmürowan gözegçilik gullugy, Goragçylar geňeşi belli aram dalaşgärleriň dalaş etmeginiň öňüni aldy. Reýsiniň esasy bäsdeşi we saýlawa goýberilen ýeke-täk aram kandidat Abdolnaser Hemmati bolup durýar. Ol prezidentlige dalaş etmek üçin işinden aýrylmazdan ozal Eýranyň merkezi bankynyň başlygy bolup işledi.

XS
SM
MD
LG