Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenhowaýollary” dünýäniň soňky “Boeing 777-200LR” uçaryna eýe boldy 


BAE-niň Boeing 777-200LR uçary Dubaý we Panama arasynda gatnaýar.

Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” kompaniýasy 14-nji iýunda dünýäniň iň soňky “Boeing 777-200LR” uçaryna eýe boldy diýip, aviationnepal.com neşiri habar berýär.

Iň soňky nusgasy Aşgabada berlen “Boeing 777-200LR” ýolagçy uçarynyň Everett önümçilik liniýasyndan aýrylandygy, sebäbi onuň ykdysady taýdan o diýen amsatly bolmandygy aýdylýar.

“Türkmenhowaýollary” 2010-2014-nji ýyllar aralygynda üç sany 777-200LR uçaryny satyn aldy, olaryň biri VIP hökümet uçary hökmünde enjamlaşdyryldy.

Emma bu kompaniýa 2019-njy ýylda ýene bir 777-200LR uçaryny buýrup, garaşylmadyk sargyt bilen ýüzlendi we bu günki gün oňa eýe boldy.

“Türkmenhowaýollary” häzirki wagtda umumylykda 291 ýolagçy kuwwaty bolan iki sany “Boeing 777-200LR” uçaryny ulanýar, olarda 28 sany işewür orun, 263 sany ykdysady orun bar.

Ozal ýewropa ýurtlaryna uçmak mümkinçilikleri çäklendirilen, soň pandemiýa aladalary esasynda gatnawlaryny azaldan “Türkmenhowaýollarynyň” täze satyn alan uçarynyň bahasy $265 million.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG