Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-da 19-njy iýunda Gulçulygyň ýatyrylan güni bellenilýär


Prezident Jo Baýden Pentagonda Goranmak ministrliginiň işgärleri bilen gürleşýär. Waşington, 2021-nji ýylyň 10-njy fewraly.

Birleşen Ştatlarda şu gün ýurtdaky gulçulygyň resmi taýdan ýatyrylan güni ilkinji bellenilýär.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden dördünji gün 19-njy iýunda ABŞ-da gulçulygyň ýatyrylmagyny federal baýramçylyk hökmünde ykrar etmek baradaky kanun taslamalaryna gol çekdi.

Wekiller öýüniň mejlisinde geçirilen çekişmede tehasly demokrat Şeila Jekson Li 19-njy iýuny federal baýramçylyk hökmünde ykrar etmek baradaky kanun taslamasyny "Amerikanyň asyl günäsi bolan gulçulygyň soňlanmagyny hatyralamak" üçin hödürländigini aýtdy.

Tehas 19-njy iýuny baýramçylyk hökmünde baryp 1980-nji ýylda resmi taýdan yglan etdi we soňra bu dynç alyş beýleki ştatlaryň hem köpüsinde resmi taýdan ykrar edildi. Ol Erkinlik güni ýa-da Gulçulygyň ýatyrylan güni diýip atlandyrylýar.

Kanun taslamasyna laýyklykda, täze federal baýramçylyk "19-njy iýun milli garaşsyzlyk güni" diýlip atlandyrylar.

19-njy iýun baýramçylygy federal derejede bellenilýän on birinji baýramçylyk bolar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG