Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Fransuz polisiýasy ýygnanyşygy dargadanda 'örän gazaply çaknyşyk’ boldy


Polisiýa ofiserleri. Bezeg suraty

Fransuz resmileri 18-19-njy iýun gijesinde polisiýa Brittanida bikanun şowhun-şagalaňy ýatyrmaga synanyşanda "örän gazaply çaknyşygyň" ýüze çykandygyny we bäş polisiýa işgäriniň, azyndan bir şagalaňçynyň ýaraly bolandygyny adýar.

Rugsat berilmedik ýygnanyşyga 1500 töweregi adam gatnaşdy we olar Fransiýanyň demirgazyk-günbataryndaky Redon şäheriniň at çapylýan aýlawynyň golaýynda, agşam sagat 11:00-da başlanýan komendant sagadyna boýun egmedi.

Gijeki komendant sagady COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek üçin girizilen milli we ýerli çäreleriň biri bolup durýar.

Maglumata görä, oturylyşyga gatnaşanlaryň biri elini ýitiripdir we iki polisiýa işgäri keselhana äkidilipdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG