Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanly erkek çagasyny halas etjek bolup, Waşington kölünde gark boldy


Parahat Akyşowyň sosial ulgamdan alnan suraty

Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türkmenistanly Parahat Akyşow suwa ýykylan 4 ýaşly çagasyny halas etmäge synanyşyp, Waşington kölünde heläk boldy diýip, “The Seattle Times” habar berýär.

Neşir onuň Seattle sebitinde ýaşaýan türkmen-türk jemagatynyň arasynda öz sahawatçylyk işleri bilen tanalandygyny belleýär.

Gaýykdan suwa ýykylan çagany ýerli ýelken klubynyň topary halas edipdir, emma onuň kakasyny halas etmek synanyşyklary netijesiz gutarypdyr.

33 ýaşly Parahadyň jesedi dördünji gün tapylyp, bäşinji gün jaýlanypdyr.

Amerikan neşiri onuň ogluny halas etjek bolandygyny aýtsa, zamanaustralia.com onuň gyzyny halas etmäge synanyşandygyny habar berýär.

Turkmen.news” neşiri Parahat Akyşowyň Birleşen Ştatlara 2008-nji ýylda, Türkiýede okuwyny tamamlandan soň gelendigini belleýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG