Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň daşynda nobatçylyk edýän polisiýa işgäri öz janyna kast etdi


Moskwadaky türkmen ilçihanasynyň binasy
Moskwadaky türkmen ilçihanasynyň binasy

Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň daşynda nobatçylyk çekýän polisiýa işgäri öz janyna kast etdi diýip, TASS habar gullugy habar berýär.

Neşiriň Içeri işler ministrliginiň Moskwadaky edarasynyň metbugat gullugyna salgylanyp beren habaryna görä, bu waka boýunça häzir barlag geçirilýär.

"20-nji iýunda, Moskwa wagty bilen sagat 05: 02-de "02” gullugy raýatlardan polisiýa ofiseriniň ýaralanandygy barada habar aldy. Salgysy boýunça Filippowskiý köçesindäki 22-nji jaýa gelen polisiýa işgärleri gorag nokadynda polisiýanyň uly leýtenantynyň jesedini tapdy, deslapky maglumatlara görä, ol öz janyna kast etdi"diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, polisiýa bu işiň derňelýändigini, wakanyň nähili ýagdaýda bolandygynyň kesgitlenýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG