Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paşinýan saýlawlarda doly ýeňiş gazanandygyny we parlamentde köplüge eýe boljagyny aýdýar


Nikol Paşinýan
Nikol Paşinýan

Ermenistanyň premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Nikol Paşinýan Daglyk-Garabag regionynyň üstünde Ermenistanyň geçen ýyl Azerbaýjana garşy alty hepde dowam eden söweşdäki ýeňlişden soň ýurtda dörän syýasy krizisiň soňuna çykmak üçin möhletinden öň geçirilen parlament saýlawlarynda uly ýeňiş gazandy.

20-nji iýunda geçirilen saýlawlaryň deslapky netijeleri ähli saýlaw nokatlaryndaky sesleriň sanalmagy bilen Paşinýanyň "Raýat şertnamasy" partiýasynyň 53,9 göterim ses alandygyny, öňki prezident Robert Koçarianyň "Ermenistan" bileleşiginiň bolsa 21 göterim ses alandygyny görkezdi.

Paşinýan 21-nji iýunda irden "Ermenistan halky "Raýat Şertnamasy" partiýamyza ýurda ýolbaşçylyk etmek we ýurda premýer-ministr hökmünde ýolbaşçylyk etmek ygtyýaryny berdi" - diýdi. Soňra ol täze saýlanan mejlisde "Raýat şertnamasy" partiýasynyň köplük bolup, konstitusiýa boýunça hökümeti düzmäge hukuklydygyny aýtdy.

Koçarianyň bileleşigi, ses berişlikdäki näsazlyklar çözülýänçä netijeleri ykrar etmejekdigini aýtdy.

"Saýlaw uçastoklaryndan guramaçylykly we meýilleşdirilen galplyklary subut edýän ýüzlerçe signalyň gelmegi ynamsyzlyga sebäp bolýar" -diýip Koçarian aýtdy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň halkara saýlaw synçylary 21-nji iýunda ses berişlige baha bermegi planlaşdyrýarlar.

Ermenistanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň başlygy Tigran Mukuçian saýlawlaryň “umuman” kanuna laýyk geçirilendigini aýtdy.

Netijeler tassyklansa Paşinýanyň partiýasy dolandyrmak üçin zerur bolan 50 göterimden has köp orna eýe bolar.

XS
SM
MD
LG