Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň ýadro desgasy “tehniki näsazlyk” sebäpli ýapyldy


Eýranyň Buşehrdäki ýadro elektrik stansiýasy
Eýranyň Buşehrdäki ýadro elektrik stansiýasy

Eýranyň atom energiýasy boýunça guramasy ýurduň ýeke-täk ýadro elektrik stansiýasynyň "tehniki näsazlyk" sebäpli wagtlaýyn ýapylandygyny aýdýar.

"Buşehr elektrik stansiýasy tehniki näsazlyk we Energetika ministrliginiň eden bir günlük duýduryşyndan soň wagtlaýyn ýapyldy we elektrik torundan aýryldy" -diýip Eýranyň Atom energiýasy boýunça guramasy geçen gije öz web sahypasynda ýazdy.

Agentlik ýurduň günortasyndaky port şäheri Buşehrdäki elektrik stansiýasynyň bu mesele çözülenden soň "ýakyn günlerde" milli elektrik ulgamyna birikdiriljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Döwlet elektrik kompaniýasynyň wekili Tawanir Golamali Rahşanimehriň aýtmagyna görä, desga "üç-dört gün" ýapyk bolar we bu aralykda elektrik togunyň kesilip durmagy ähtimal. Tawanir öz beýanatynda ýadro desgasynyň abatlanýandygyny aýtdy we abatlaýyş işleriniň 25-nji iýuna çenli dowam etjekdigini habar berdi.

Bu Eýranyň 2011-nji ýylda işe girizilen Buşehr zawodynyň gyssagly ýapylmagy barada ilkinji gezek habar bermegidir.

Russiýa desganyň gurluşygyny birnäçe ýyllap gijikdirenden soň tamamlapdy we onuň ýeke-täk reaktory 1000 megawat energiýa öndürýär.

XS
SM
MD
LG