Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak aktiwisti gadagan edilen DWK hereketi bilen ilteşigi üçin türmä höküm edildi


Askar Kaýyrbek (arhiw suraty)
Askar Kaýyrbek (arhiw suraty)

Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanyň sudy ýurtda gadagan edilen Gazagystanyň Demokratik Saýlawy (DWK) hereketi bilen ilteşigi üçin bir aktiwisti 18 aý türme tussaglygyna höküm etdi. Bu DWK-niň we onuň ýarany “Köşe” (“Köçe”) partiýasynyň goldawçylaryna garşy alnyp barylýan basyşlaryň fonunda bolup geçdi.

Sudýa 21-nji iýunda 44 ýaşly Askar Kaýyrbeke hökümi çykarmazdan ozal, onuň ekstremist toparynyň hereketlerini guramalaşdyrmakda we olara gatnaşmakda günäli tapylandygyny aýtdy.

Kaýyrbekiň aklawçysy Gulşat Duýsenowanyň 22-nji iýunda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, onuň müşderisi aýyplamalary ret etdi, şeýle-de suduň kararyna şikaýat etmegi göz öňünde tutýar.

Soňky ýyllarda Gazagystanda DWK we “Köşe” partiýasy bilen ilteşikli ençeme aktiwist uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

Bu aralykda, 20-nji iýunda Gazagystanyň iň iri şäheri Almatyda ýedi aktiwist “Köşe” partiýasynyň gadagan edilmegi baradaky suduň höküminiň ýatyrylmagyny talap edip, açlyk yglan etdi.

DWK-a Gazagystanyň BTA bankynyň ozalky başlygy we gazak hökümetiniň tankytçysy Muhtar Ablýazow ýolbaşçylyk edýär. Gazak resmileri 2018-nji ýylda DWK-a ekstremist tagmasyny dakdylar we ony gadagan etdiler.

XS
SM
MD
LG