Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hong Konguň demokratik neşiri ýapylýandygyny yglan etdi


“Apple Daily” gazetiniň ýapylmagy Hong Konguň media azatlygyna uly zarba boldy.

Hong Konguň demokratiýa gymmatlyklarynyň tarapynda çykyş edýän “Apple Daily” gazeti şu hepdäniň aýagynda ýapylýandygyny yglan etdi. Gazetiň ýapylmagy şäheriň media azatlygyna uly zarba boldy.

23-nji iýunda “Apple Daily” gazetiniň direktorlar geňeşi “Hong Kongdaky höküm sürýän häzirki ahwallar” diýip häsiýetlendiren ýagdaýlara salgylanyp, 26-njy iýuna çenli gazetiň hem çap, hem-de onlaýn neşirleriniň togtadylýandygyny mälim etdi.

Mundan öň, “Apple Daily” gazetiniň baş redaktory we başga-da bäş dolandyryjysy, hamana, şäheriň milli howpsuzlyk kanunyny bozmakda aýyplanyp tussag edildiler.

Mundan başga-da, resmiler meşhur neşir bilen baglanyşykly 2,3 million dollarlyk serişdeleri doňdurdylar.

Polisiýa “Apple Daily” gazetinde çap bolan onlarça makalany Hong Konga we Hytaýa garşy daşary ýurt sanksiýalaryny girizmek üçin gurnalan dildüwşüge delil hökmünde görkezdiler.

Gazetiň esaslandyryjysy we eýesi milliarder Jimmy Laý Pekiniň häkimiýetine garşy geçirilen 2019-njy ýyldaky demokratik protestlere gatnaşandygy üçin birnäçe türme möhletine höküm edildi. Oňa Hong Kongdaky milli howpsuzlyk kanunyna laýyklykda başga-da ençeme aýyplama ýöňkelýär.

Şäherde geçen ýyl ornaşdyrylan bu kanun halkara jemgyýetçiligi tarapyndan tankytlandy. Pekin we Hong Kongyň resmileri kanunyň şäherde durnuklylygy ornaşdyrmak üçin kabul edilendigini aýtsalar-da, tankytçylar munuň dissident sesleri sem etmäge niýetlenendigini belleýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG