Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tihanowskaýa: Lukaşenkanyň režimi “gorkýar”


Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa
Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa

Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa geçen aý Belarusyň raýat uçaryny Minskde gonmaga mejbur etmegini “ýalňyşlyk” atlandyrdy, şeýle-de munuň Günbatary diýdimzor Aleskandr Lukaşenka garşy öwürendigini aýtdy.

“Bu uçar gaçakçylygy ähli Ýewropa liderlerine täsirini ýetirdi, sebäbi onuň bortunda olaryň raýatlary bardy” diýip, Tihanowskaýa AP gullugyna beren interwýusynda belledi.

“Lukaşenkanyň režimi Ýewropa sebitine abanyp, hiç haçan bu gyzyl çyzygy geçmändi” diýip, ol nygtady.

“Režim belaruslaryň jebisliginden, Ýewropa Bileleşiginiň jebisliginden, ABŞ-dan, Belarusdaky ýagdaýlardan şeýle bir howatyr edýär welin, indi olar taktiki pikir edip bilmeýärler. Olar indi duýgularyna görä hereket edýärler” diýip, Tihanowskaýa sözüne goşdy.

Lukaşenkanyň režiminiň 2020-nji ýylyň awgustyndaky dawaly saýlawlardan soň syýasy oppozisiýa we garaşsyz media garşy başladan gazaply basyp ýatyrmak çärelerinden soň, ol halkara jemgyýetçiliginiň tankydyna duçar boldy.

Protestçiler saýlawlarlaryň galplaşdyrylandygyny we onda Tihanowskaýanyň ýeňendigini aýdýarlar.

23-nji maýda belarus resmileri harby uçary howa galdyryp, Afinylardan Wilnusa uçuşy amala aşyran Ryanir howa gullugynyň uçaryny Minske gonduranyndan soň, krizis täze tapgyra geçdi. Köp ýurt muny “döwletiň gaçakçylygy” hökmünde häsiýetlendirdi.

Uçaryň Belarusyň howa giňişliginden çykmagynyň öňýany gondurylmagyndan soň, kanun goraýjy edaralar dessine onuň bortundaky oppozisiýa bloggeri Raman Pratasewiçi we onuň russiýaly hallaşýan gyzyny tussag etdiler.

Muňa jogap edip Ýewropa Bileleşigi, ABŞ, Britaniýa we Kanada Belarusa garşy sanksiýalary girizdiler. Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri belarus ykdysadyýetiniň möhüm pudaklaryna we esasy girdeji çeşmelerine, şol sanda dökünleriň eksportyna, temmäki söwdasyna, nebit we nebit önümlerine garşy hem gadagançylyklary girizmek barada ylalaşdylar.

Ýewropa döwletleri Belarus uçarlaryna özleriniň howa giňişliginden peýdalanmagy hem gadagan etdiler.

XS
SM
MD
LG