Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Owganystanyň demirgazygyna hüjümlerini ýaýbaňlatdy


Owganystan (illýustrasiýa suraty)
Owganystan (illýustrasiýa suraty)

Owganystanda soňky günleriň dowamynda “Talyban” jeňçileri ýurduň demirgazyk sebitlerine hüjümlerini ýaýbaňlatdylar.

1-nji maýda ABŞ we NATO güýçleriniň Owganystandan resmi ýagdaýda çykarylyp başlanmagyndan soň, “Talyban” onlarça etraby öz gözegçiligine geçirdi. Jeňçileriň Täjigistan bilen esasy serhet geçelgesini hem ele geçirendikleri barada maglumatlar gowuşýar.

BMG-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Deborah Lýonsiň 22-nji iýunda aýtmagyna görä, 1-nji maýdan bäri “Talyban” ýurduň 370 etrabynyň 50-ni öz täsiri astyna geçiripdir.

“Bu golaýdaky we daşdaky ýurtlaryň köpüsi üçin ýokarlandyrylan durnuksyzlygy aňladýar” diýip, Lýons sözüne goşdy.

Owganystanyň bäş sany demirgazyk welaýaty Türkmenistan bilen serhetleşýär.

XS
SM
MD
LG