Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyban Gunduz şäheriniň daşyny gurşaýar, söweşijiler has köp etraby ele geçirýär


Kabulyň eteginde ýaragly adamlar. 23-nji iýun, 2021 ý.
Kabulyň eteginde ýaragly adamlar. 23-nji iýun, 2021 ý.

Talyban 23-nji iýunda Owganystanyň Täjigistan bilen esasy serhet geçelgesinde gözegçiligi ele geçirdi. Topar demirgazyk Gunduz şäheriniň eteklerine hüjüm edýär, ele geçirýän çäklerini giňeldýär.

11-nji sentýabrda bellenen möhletden öň ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler Owganystandan yza çekilýän mahaly, jeňçiler soňky hepdelerde onlarça etrabyň gözegçiligini hökümetden ele geçirýär.

23-nji iýunda ABŞ Kongresinde eden çykyşynda, Bilelikdäki ştabyň başlygy general Mark Milleý 419 etrapdan 81 etrabyň jeňçileriň gözegçiligine geçendigini aýtdy.

Ýöne Milleý olardan 60 etrabyň geçen ýyl, ABŞ heniz ýurtdan çekilmäge başlamanka ele geçirilendigini aýtdy.

Demirgazyk Owganystanda Talyban Täjigistan bilen aradaky esasy serhet geçelgesini, Şir Han Bender serhet şäherçesini ele geçirdi.

Talyban 23-nji iýunda beren beýanatynda serhet söwdasynyň dowam etjekdigini aýtdy.

Gunduz welaýatynyň paýtagty, serhediň 50 kilometr günortasynda ýerleşýän, Gunduz şäheri Talyban söweşijileri tarapyndan gurşap alyndy. Ýerli ýaşaýjylar agyr söweşiň barýandygyny aýdýarlar we üpjünçilik bilen bagly problemalar, şol sanda elektrik üpjünçiligi bilen bagly problemalar barada habar berýärler.

XS
SM
MD
LG