Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ ilçisi Russiýa dolandy


ABŞ-nyň Russiýadaky ilçisi Jon Sulliwan Moskwada geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş edýär. Iýun, 2020.

Iki aý mundan ozal ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky ýaramazlaşan gatnaşyklarynyň fonunda, rus paýtagtyny terk eden ABŞ ilçisi Jon Sulliwan Moskwa dolandy. Bu habary ABŞ ilçihanasy 24-nji iýunda yglan etdi.

“Şu gün Moskwa dolandym. ABŞ-nyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, hem-de Russiýa bilen iki ýurduň arasynda durnukly hem-de öňünden çaklap bolýan gatnaşyklary ýola goýmak maksatlarymyzy ilerletmek üçin, ABŞ ilçihanasynyň topary bilen @USEmbRu işlemäge taýýar” diýip, ilçihananyň metbugat sekretary, Jeýson P. Rebholz Twitterde Sulliwany sitirledi.

Aprel aýynda ABŞ bilen Russiýa birek-birege garşy sanksiýalary we diplomatik ýurtdan çykarmalary yglan edenden soňra, Sulliwan geňeşmelere çagyrylypdy.

“Men Moskwa dolanandygyma begenýärin” diýip, Sulliwan Interfaksa beren interwýusynda aýtdy.

“Men ABŞ-nyň we Russiýanyň arasynda öňünden çaklap bolýan, durnukly gatnaşyklary ýola goýmak maksatlarymyzy gazanmak üçin rus hökümetindäki kärdeşlerimiz bilen işleşmäge garaşýaryn” diýip, ol aýtdy.

16-njy iýunda Ženewada geçirilen sammitden soňra prezident Jo Baýden we onuň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin dartgynlylygy gowşatmak tagallalarynyň çäginde iki ýurduň ilçileriniň öz missiýalaryna dolanjakdyklaryny yglan edipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG