Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden owgan liderlerine ýurtlarynyň geljegini özleriniň kesgitlemelidigini aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden (sagda) owgan prezidenti Aşraf Gani (ortada) we Owganystanyň Raýdaşyk boýunça milli geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah bilen gepleşikleri geçirýär. Waşington, ABŞ. 25-nji iýun, 2021 ý.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 25-nji iýunda owgan prezidenti Aşraf Gani we Owganystanyň Raýdaşyk boýunça milli geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah bilen gepleşikleri geçirip, olara ýurtlarynyň geljegini özleriniň kesgitlemelidigini aýtdy.

Baýden owgan liderlerini Ak Tamda garşylanda, olary “köne dostlarym” diýip atlandyrdy. Ol ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň 20 ýyldan gowrak wagtdan soň Owganystandan dolulygyna çykarylmagy bilen, Birleşen Ştatlaryň Owganystana hemaýatynyň bes edilmejekdigini hem sözüne goşdy.

ABŞ-nyň prezidentiniň gabat-garşysynda oturan Gani Baýdeniň Birleşen Ştatlaryň goşunlaryny çykarmak kararyna hormat goýýandygyny, şeýle-de munuň “ähli kişini ýagdaýlary täzeden seljermäge itekländigini” aýtdy.

Baýden ýurtdaky dowam edýän “manysyz gazaplylygyň” togtadylmalydygyny belledi. Ol Birleşen Ştatlaryň munuň üçin “gerekli serişdeleriň ählisiniň bardygyny görmek üçin” tagalla etjekdigini hem sözüne goşdy.

Soňky hepdeleriň dowamynda “Talyban” owgan güýçleriniň gözegçiligindäki onlarça etraby öz gol astyna geçirdi.

Owgan resmileriniň 25-nji iýunda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, hökümet güýçleriniň hüjüme geçmegi netijesinde häzir agyr çaknyşyklar dowam edýär.

Anna güni Gani owgan howpsuzlyk güýçleriniň alty etraby jeňçilerden yzyna alandygyny belledi.

Gani gepleşiklerden soň žurnalistlere “munuň netijelerini Kabulyň özüniň dolandyrmalydygyny” hem sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG