Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Dünýä Türkmenleri: “Talyban” Owganystanda ilerleýär, türkmen ilatly etraplary ele geçirýär


Owganystanyň Jowuzjan welaýatynyň Garkyn etrabynda ýaşaýan etniki türkmenler. Illýustrasiýa suraty

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany “Talybanyň” Owganystanda türkmen etraplaryny ele geçirmegi we owgan türkmenleriniň ýüzbe-ýüz bolýan täze şertleri barasyndaky soraglara gönükdirilýär.

Soňky hepdelerde Owganystanda howpsuzlyk şertleri has-da ýaramazlaşýar. 2020-nji ýylyň sentýabrynda owgan hökümeti bilen “Talyban” toparynyň arasynda owaganara parahatçylyk gepleşiklerine bat berildi. ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler 2021-nji ýylyň 11-nji sentýabryna çenli Owganystandan doly çekilmegi planlaşdyrýar. Halkara güýçleriň çekilmeginden soňra alty aýyň dowamynda owgan hökümetiniň synmak ähtimallygy barada aladalar peýda boldy.

Bu aralykda, “Talyban” topary Owganystanda, şol sanda etniki türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan demirgazyk Owganystanda ilatly nokatlary ele geçirýär.

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany “Talybanyň” Owganystanda türkmen etraplaryny ele geçirmegi we owgan türkmenleriniň ýüzbe-ýüz bolýan täze şertleri barasyndaky soraglara gönükdirilýär. Gepleşigimize Kabuldan žurnalist Şaýmerdanguly Myrady gatnaşdy.

Dünýä Türkmenleri: “Talyban” Owganystanda ilerleýär, türkmen ilatly etraplary ele geçirýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG