Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Finlýandiýada Russiýadan dolanan futbol janköýerlerinde koronawirus ýüze çykaryldy


Koronawirusyň has aňsatlyk bilen ýaýraýan delta görnüşi köp ýurtlarda alada döredýär.

Finlýandiýanyň saglyk resmileri futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň çäginde Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen oýundan soňra yzyna dolanyp gelen janköýerlerde koronawirusyň ýüze çykarylandygyny mälim etdiler. Bu aralykda, ýokanjyň has aňsatlyk bilen ýaýraýan delta görnüşi köp ýurtlarda alada döredýär.

26-njy iýunda Finlýandiýanyň Saglyk we abadançylyk instituty Finlýandiýadan Sankt-Peterburga awtobusda syýahat eden adamlary koronawirus testinden geçmäge çagyrdy.

Institutyň direktory Mika Salman häzire çenli Sankt-Peterburgdan dolanan 120 adamda, aglaba futbol janköýerlerinde wirusyň tapylandygyny, şeýle-de olaryň sanynyň artmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Ýewro-2020 çempionatynyň çäginde Sankt-Peterburgda häzire çenli alty oýun geçirilip, 2-nji iýulda şäherde çärýek-final duşuşygy hem geçiriler.

Dünýä boýunça saglyk resmileri wirusyň adamdan adama has aňsatlyk bilen geçýän delta görnüşiniň eýýäm azyndan 85 ýurtda ýüze çykarylandygyny aýdýarlar. Koronawirusyň bu görnüşi Britaniýada, Portugaliýada we Günorta Afrikada agdyglyk edýär.

Bu aralykda, Awstraliýanyň Sidneý şäherinde wirusyň delta görnüşiniň tapylmagy sebäpli 26-njy iýunda iki hepdelik petiklenme yglan edildi.

Bangladeş delta görnüşiniň “howply we aladalandyryjy” derejede ýaýramagy sebäpli, 28-nji iýundan başlap tutuş ýurt boýunça petiklenme çärelerini ornaşdyrar.

Türkmenistan koronawirus global pandemiýasynyň başlamagyndan bäri, bu ölüm howply ýokanjyň ýeke ýagdaýyny häzire çenli hem hasaba almady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG