Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanyň demirgazygyndaky çaknyşyklar sebäpli Gunduzdan müňlerçe maşgala gaçyp çykdy


Owgan armiýasy Gunduzda "Talyban" jeňçileri bilen söweşýär. 22-nji iýun, 2021 ý.

Owganystanyň demirgazygyndaky möhüm Gunduz şäherinde “Talyban” jeňçileri bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklar sebäpli, 5 müňe golaý maşgala sebitden göçürildi. Bu barada ýerli gumanitar guramalarynyň wekilleri habar berýärler.

Gunduzyň Bosgunlar we repatriasiýa edarasynyň başlygy Ghulam Sahki Rasuliniň sözlerine görä, häzirki wagt şäherden gaýdan müňlerçe maşgala hemaýat berilýär, şeýle-de ýene müňlerçe maşgalanyň sebiti terk etmegine garaşylýar.

1-nji maýda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler Owganystandan resmi ýagdaýda çykarylyp başlanmagyndan soň, “Talyban” ýurduň esli bölegini öz gol astyna geçirdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 25-nji iýunda owgan prezidenti Aşraf Gani we Owganystanyň Raýdaşlyk boýunça milli geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah bilen gepleşikleri geçirip, olara ýurtlarynyň geljegini özleriniň kesgitlemelidigini aýtdy.

Şol bir wagtda, ol ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň 20 ýyldan gowrak wagtdan soň Owganystandan dolulygyna çykarylmagy bilen, Birleşen Ştatlaryň Owganystana hemaýatynyň bes edilmejekdigini hem sözüne goşdy.

2020-nji ýylyň sentýabrynda owgan hökümeti bilen “Talybanyň” arasyndaky Katarda başlanan parahatçylyk gepleşikleri, umuman, petige diredi.

Türkmenistan Owganystanyň demirgazygyndaky, jeňçileriň işjeň hereket edýändigi aýdylýan bäş welaýaty bilen serhetleşýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG