Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Yrak-Siriýa serhedinde Eýran tarapyndan goldanýan söweşijilere hüjüm etdi


Pentagon
Pentagon

ABŞ-nyň harby güýçleri, ABŞ-nyň Yrakdaky we Siriýadaky işgärlerine we desgalaryna pilotsyz uçarly edilen hüjümlere jogap hökmünde Eýran tarapyndan goldanýan söweşijilere garşy howa zarbalaryny amala aşyrdy.

Pentagon 27-nji iýunda prezident Jo Baýdeniň Siriýanyň iki ýerinde we Yragyň bir ýerinde söweşijiler tarapyndan ulanylýan desgalara we ýarag ammarlaryna "goranyş" howa zarbalaryny amala aşyrmagy buýrandygyny aýtdy.

Beýanatda şol desgalaryň Eýran tarapyndan goldanýan birnäçe söweşiji toparyň, şol sanda "Kataib Hizballah" we "Kataib Saýyid al-Şuhada" ýaly toparlaryň ulanýandygy aýdylýar.

"Şu gün agşamky zarbalardan görnüşi ýaly, prezident Baýden ABŞ-nyň wekillerini goramak üçin hereket etjegini görkezýär" diýlip, Pentagon tarapyndan habar berildi.

"Eýran tarapyndan goldanýan toparlaryň ABŞ-nyň Yrakdaky bähbitlerine gönükdirilen yzygiderli hüjümlerini göz öňünde tutup, prezident şeýle hüjümleriň öňüni almagy we goşmaça harby çäreleri görmegi buýurdy" diýlip beýanatda aýdylýar.

Bu howa zarbalary Yragyň kürt resmileriniň 26-njy iýunda ýarym awtonom regionyň paýtagty Arbiliň daşynda içi partlaýjy serişdeli iki pilotsyz uçaryň partlandygyny habar bermeginiň yzýany edildi. Hüjümleriň netijesinde adam pidalar barada habar bolmady.

27-nji iýunda edilen howa zarbalary Baýdeniň alty aý ozal işe başlaly bäri buýruk beren zarbalarynyň ikinjisidir.

Fewral aýynda hem ABŞ Yrak-Siriýa serhedinde Eýrany goldaýan ýaragly toparlaryň ulanýan desgalaryna howa zarbalaryny gurady.

XS
SM
MD
LG