Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada COVID-19-yň täze tolkunynda ölenleriň sany ilkinji gezek 100-den geçdi


Moskwnyň etegindäki keselhana, Kommunarka, 26-njy iýun 2021
Moskwnyň etegindäki keselhana, Kommunarka, 26-njy iýun 2021

Soňky 24 sagadyň dowamynda Moskwada 100-den gowrak adam koronawirusdan öldi. Russiýadaky ýene bir pandemiýa tolkunynyň dowamynda bu täze rekord boldy.

Moskwadada COVID-19-dan 114 adamyň ölendiginiň hasaba alnandygyny, RBC 27-nji iýunda şäheriň koronawirus toparyna salgylanyp habar berdi.

Tutuş ýurt boýunça umumy sana görä, 20 000-den gowrak täze kesellänler hasaba alyndy we soňky 24 sagadyň dowamynda koronawirusdan 599 adam öldi.

RBC habar gullugynyň maglumatyna görä, bir gün öň COVID-19-dan Sankt-Peterburgda 100-den gowrak adam ýogalypdyr we bu san hem rekord bolupdyr. Sankt-Peterburgda ilat sany Moskwadan iki esse çemesi az.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we Ýewropada pandemiýanyň depgini pese gaçýan wagtynda Russiýa ölüm howply keseliň ýene bir tolkuny bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Muňa belli bir derejede raýatlaryň waksina etmekden saklanmagy sebäp bolýar.

Moskwanyň meri Sergeý Sobýanin soňky tolkunyň wirusyň has ýokanç we simptomlary has çalt özgerýän täze ştamm sebäpli ýüze çykandygyny aýtdy.

Russiýa öz waksinalaryny tassyklan ilkinji ýurtdy, ýöne onuň töwekgelçiligi bilen bagly aladalar we adamlary waksina etmäge höweslendirmek boýunça netijeli döwlet kampaniýasynyň bolmazlygy ýurtda sanjym derejesiniň pes bolmagyna sebäp boldy.

Hökümet indi adamlary sanjym etmegi höweslendirmek üçin täze çäreleri görýär.

XS
SM
MD
LG