Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa iýulda çäklendirmeleri gowşatmagy, Awstraliýa güýçlendirmegi planlaşdyrýar


Illýustrasiýa suraty

Awstraliýada has köp şäher ýokary ýokançly "Delta" görnüşiniň ýaýramagy sebäpli 29-njy iýunda çäklendirmeleri güýçlendirdi.

Gonkong bolsa keselçilik ýagdaýlarynyň köpelmegi sebäpli Britaniýadan uçuşlary gadagan etdi.

Awstraliýanyň Pert we Brisban şäherleri Sidneý we Darwine goşuldy we häkimiýetler koronawirusyň "Delta" görnüşi bilen bagly ýokançlyklary ýok etmek ugrunda dyrjaşýarlar.

"Delta" warianty Britaniýada ýagdaýlaryň köpelmegine sebäp bolsa-da, bu ýurduň saglyk ministri Sajid Jawid ähli çäklendirmeleriň 19-njy iýulda ýatyryljakdygyny aýtdy.

Jawid hökümetiň ähli ulularyň üçden iki böleginiň iki dozadan waksina almagyny maksat edinýändigini kanun çykaryjylara aýtdy.

Soňky hepdelerde britan häkimiýetleriniň koronawirus çäklendirmelerini gowşatmagy sebäpli COVID-19 bilen kesellänleriň sany esli köpeldi we olaryň 95%-den gowragynda "Delta" warianty anyklanýar.

Alymlar "Delta" görnüşiniň koronawirusyň öňki wersiýalaryna garanda has ýokançlydygyny aýdýarlar, emma waksinasiýa derejesi ýokary bolan ýurtlarda kesellänleriň hassahana ýerleşdirilmegi we ölüm derejesi uly däl.

Saglygy saklaýyş işgärleriniň bellemegine görä, Germaniýada "Delta" warianty sebäpli ýüze çykan COVID-19 keseliniň möçberi bir hepdäniň içinde iki esse artdy we häzirki wagtda kesellänleriň azyndan 36%-ni düzýär.

Italiýada 28-nji iýunda maska dakynmak talaby gowşady we açyk meýdançalarda ýüz maskalaryny ulanmak hökmany däl.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG