Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Russiýanyň täze petiklemeleriň öňüni aljagyna umyt baglaýar, özüniň Sputnik waksinasyny kabul edendigini aýdýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýa ýokarlanýan gündelik koronawirus hadysalary bilen hem-de tas her gün diýen ýaly rekord derejä ýetýän ölüm sanlary bilen göreşýän mahaly, prezident Wladimir Putin özüniň her ýyl geçirýän göni efir çykyşynyň başynda raýatlary koronawirusa garşy waksina kabul etmäge höweslendirdi.

Resmi taýdan “Göni liniýa” atlandyrylýan 30-njy iýun çäresi howsalaly resmileriň jemgyýetiň durmuşyna täze çäklendirmeleri girizmäge howlugýan wagtyna gabat geldi.

Iki moderator orsýetlileriň soran iki milliondan gowrak soragyny Putine hödürledi. Sahnadaky stoluň başynda eden çykyşynda Putin ýurduň ýokarlanýan koronawirus hadysalaryna jogap hökmünde ählihalk petiklemeleri girizmejekdigine we Russiýada raýatlardan hökmany waksinasiýanyň talap edilmejekdigine umyt bildirdi. Ýöne Russiýada, ýa köp adam rus waksinasyny ygtybarly hasaplamaýandygy üçin, ýa-da umuman hökümete bildirilýän ynamsyzlyk sebäpli, sanjym işleriniň depgini beýleki iri senagatlaşan ýurtlar bilen deňeşdirilende örän pesdir.

29-njy iýunda saglyk edaralary 21 müň täze koronawirus hadysasy barada habar berdi, 652 adam COVID-19 bilen aradan çykdy. Ýurt boýunça gündelik ölümleriň sany täze rekord derejä ýetdi.

Pandemiýa başlaly bäri, Russiýada jemi 135 müň COVID-19 ölümi hasaba alyndy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG