Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Partiýanyň ýüzýyllygynda Si Szinpin hytaýly ‘Täze dünýäni’ magtaýar, daşarky ‘gorkuzmalara’ garşy haýbatlanýar


Si Szinpin Hytaýyň Kommunist partiýasynyň döredilmeginiň 100-nji ýylynda Pekiniň Tiananmen skwerinde çykyş edýär. 1-nji iýul, 2021-nji ýyl. Pekin. Hytaý.
Si Szinpin Hytaýyň Kommunist partiýasynyň döredilmeginiň 100-nji ýylynda Pekiniň Tiananmen skwerinde çykyş edýär. 1-nji iýul, 2021-nji ýyl. Pekin. Hytaý.

Hytaý prezidenti Si Szinpin 1-nji iýulda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň döredilmeginiň ýüzýyllygyna bagyşlanyp geçirilen köpçülikleýin çärede partiýanyň gazananlaryny magtady we daşary ýurt garşydaşlaryna ýurdy gorkuzmaga synanyşmazlygy duýdurdy.

Bu çäre Pekiniň uýgurlara we beýleki musulman azlyklaryna daraşmalary sebäpli, şeýle-de Tibetden Hong Kongo çenli demokratiýa we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleri tussagy etmegi hem-de gorkuzmagy sebäpli, onuň halkara tankyda we sanksiýalara uçraýan wagtyna gabat gelýär.

Tiananmen skwerinde müňlerçe partiýa wepadar adamlaryň öňünde eden çykyşynda Si Szinpin Hytaýa abadançylyk we global status getirmekde partiýanyň roluny nygtady.

“Hytaý halky diňe bir Köne dünýäni ýykmakda ussat däl, eýsem, olar Täze dünýäni hem döretdiler” diýip, Si Szinpin aýtdy.

“Hytaýyň üstünligi partiýa baglydyr” diýip, Mao Zedongdan bäri ikinji iň güýçli hytaý lideri aýtdy.

Si Szinpin bir sagat dowam eden çykyşynda güýçli goşun döretmegi wada berdi, Taýwanyň “birleşdirilmegine” çagyrdy hem-de Hong Konguň we Makaunyň özygtyýarlylygyny nygtady.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň güýjüni we täsirini görkezýän ýüzünji ýyl dönüm baýramçylygy dünýäniň iň iri ikinji ykdysadyýetiniň, Günbatar tarapyndan barha syýasy, ykdysady we harby garşydaş hökmünde görülýän wagtyna gabat gelýär.

XS
SM
MD
LG