Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziýa ýurtlary wirusyň delta görnüşinden ejir çekýär, çäklendirmeleri güýçlendirýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Bangladeş 1-nji iýuldan berk petikleme yglan edýär. Koronawirusyň çalt ýokaşýan delta görnüşi Aziýa yklymynda hasaba alynýan kesel hadysalaryny ýokarlandyrýar. Indoneziýa yklymda adatdan daşary ýagdaý yglan eden ýurtlaryň soňkusydyr.

Bangladeş hökümeti bir hepdelik gulplamalaryň gözegçiligine harby goşuny we polisiýa güýçlerini çekýär. Petiklemeleriň dowamynda ähli dükanlar, edara-kärhanalar ýapylýar, we bu Günorta Aziýa ýurdunyň 168 million ilatyndan öýde galmak talap edilýär.

Petiklemeler köp ilatly ýurduň garyp halkyna ýene bir ykdysady urgy boldy. Bangladeşde koronawirusyň bütin dünýä ýaýraýan delta ştammy sebäpli ýokuşmalaryň hem-de keselhana ýerleşdirilýänleriň sany birden köpeldi.

Aziýada Bangladeş ýaly sanjym depgini pes ýurtlar koronawirusyň delta görnüşinden ejir çekýär, bu bolsa hökümetleri berk çäklendirme girizmäge mejbur edýär.

Dünýäniň iň köp ilatly dördünji ýurdy bolan Indoneziýa ýokarlanýan infeksiýalaryň arasynda 2-nji iýuldan täze adatdan daşary çärelere kanun goraýjy edaralaryň gözegçilik edip başlajakdygyny aýtdy.

Hökümetiň täze çäklendirmeleriň jikme-jikligini mälim etmegine garaşylýar.

Awstraliýa kiçi gerimli epidemiýalar bilen göreşýär, birnäçe şäherde dessin petikleme yglan edildi. Malaziýa bolsa 1-nji iýundan bäri tas doly petikleme astyndadyr. Taýland täze çäklendirmeleri yglan etdi.

XS
SM
MD
LG